Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşuny Ukraina pilotsyz uçar hüjümini etdi, Odesada ölen, Harkowda ýaralanan adamlar bar


Harkowly ýangyn söndürijiler iş başynda
Harkowly ýangyn söndürijiler iş başynda

Rus goşunlary 6-njy maýa geçilýän gije Ukraina pilotsyz uçar hüjümini etdi. Odesada bir adam öldürildi, Harkowda iki adam ýaralandy diýip, ýerli häkimiýetler aýtdy.

"Russiýanyň Odesa sebtine uran zarbalary netijesinde ýaly birnäçe raýat infrastrukturasyna şol sanda bir hususy ýaşaýyş jaýlaryna zyýan ýetdi. Käbir ýerlerde ýangyn döredi" Odesanyň sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Oleh Kiper ýazýar.

Onuň sözlerine görä, zarba urlan jaýlaryň birinden ölen adamyň jesedi tapyldy.

Harkowa edilen pilotsyz uçar hüjüminden soň şähere urlan 17 urgy hasaba alyndy, deslapky maglumatlara görä iki adam ýaralandy diýip, Harkow şäheriniň häkimi Igor Terekow habar berdi.

Halas edijiler dört adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Gözegçilik kanallary pilotsyz uçarlaryň Harkow, Sumy, Çernihow we Donetsk sebitlerine hem aralaşandygyny habar berdi. Poltawa, Dnepropetrowsk we Zaporižýa sebitlerinde hem howa hüjümi barada duýduryş yglan edildi.

XS
SM
MD
LG