Britaniýanyň Daşary işler ministrligi 23-nji aprelde Londonda geçirilmegine garaşylan ýokary derejeli Ukraina parahatçylyk gepleşikleriniň soňky pursatda birnäçe ýokary derejeli diplomatyň ondan çekilmegi sebäpli, duýdansyz yza süýşürilendigini mälim etdi.
“Daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda geçmeli Ukraina Parahatçylyk Gepleşikleri duşuşygynyň häzirki gün yza süýşürilendigini tassyklaýarys. Resmi derejeli gepleşikler dowam eder, emma olar metbugat üçin ýapyk bolar” diýip, Britaniýanyň Daşary işler edarasy Azatlyk Radiosyna beýanat bilen mälim etdi.
Gepleşikleriň maksady Russiýanyň Ukrainadaky 38 aýlyk harby çozuşynyň soňuna çykmak ugrunda tagalla etmäge gönükdirilmelidi. Emma ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio ýaly birnäçe ýokary derejeli diplomatyň gatnaşmagynyň ýatyrylmagy duşuşygyň derejesiniň peselmegine hem-de parahatçylyk tagallalarynyň gowşamagyna sebäp boldy.
Britaniýanyň daşary işler sekretary Deýwid Lammi hem gepleşiklere gatnaşmazlyk kararyna geldi diýip, Sky News habar berdi. Emma bu maglumaty bada-bat resmi taýdan tassyklap bolmady.
Ýewropaly bir diplomat, atlandyrylmasylzyk şerti bilen, Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Meniň pikirimçe, hemmämiz muňa birmeňzeş düşündik. Bu ABŞ-nyň parahatçylyk prosesinden çykmaga äden ýene bir ädimi boldy”.
Beýleki bir ýewroplay diplomat bolsa: “Men muny Ukrainanyň üstüne basyş hökmünde garaýaryn: kabul et ýa-da ötä git. Biziň wagtymyz ýok, başga işimiz bar” diýip, Azatlyk Radiosyna pikirini aýtdy.
Prezident Wolodymyr Zelenskiniň ýokary derejeli wekillerinden ybarat Ukrainanyň wekiliýeti gepleşikleriň yza süýşürilmegine garamazdan, Londona bardy. “Hiç bir zada garamazdan, biz parahatçylyk ugrunda işlemegi dowam etdireris” diýip, Zelenskiniň kömekçisi Andreý Ýermak Telegramda ýazdy.
Geçen hepde Rubio, ukrain we ýewropa resmileri bilen Parižde duşuşyk geçiripdi, bu duşuşyk käbir ösüşleriň gazanylandygy hökmünde garşylandy. Emma soňra Rubio ABŞ-nyň bu gepleşikler bilen bagly çydamsyzlygyny ýaňzytdy we bu tagallalardan doly çykmagynyň mümkindigini duýdurdy.
ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wans 23-nji aprelde Hindistana eden saparynyň dowamynda metbugata beren beýanatynda, ABŞ-nyň Russiýa we Ukraina “örän açyk teklip” iberendiklerini aýtdy. “Häzir olaryň bu teklibe ‘hawa’ diýmeli ýa-da ABŞ-nyň bu gepleşiklerden çekilmeli wagty” diýip, Wans aýtdy.
Wall Street Journal, Bloomberg we CNN neşirleriniň habaryna görä, geçen dynç güni ABŞ-nyň gepleşikçileri Ukraina käbir egilşikleri öz içine alýan sanawy hödürläpdir. Bu sanawda ABŞ-nyň 2014-nji ýylda Russiýanyň Krym ýarymadasyny özüne birikdirmegini ykrar etmek ähtimallygy we Ukrainanyň NATO-a agza bolmak meýilleriniň çürt-kesik ret edilmegi ýaly ýagdaýlar hem bardy.
Bu meseleleriň ikisi-de prezident Zelenski we onuň hökümeti üçin kabul ederliksiz hasaplanýar. Ol bu barada 22-nji aprelde Kiýewde žurnalistler bilen söhbetdeşliginde ýene bir gezek gaýtalapdy.
Forum