Kursk sebitiniň serhetýaka obasy bolan Gluşkowanyň ýaşaýjylary "çylşyrymly ýagdaý" sebäpli wagtlaýyn ewakuasiýa edilmeli diýip, oba başlygy Wasiliý Hudýakow 5-nji maý agşamy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, ewakuasiýa Russiýanyň Goranmak ministrliginiň “Bars” bölüminiň harby gullukçylary tarapyndan amala aşyrylar.
Resmiler biraz soň "ýaşaýjylaryň zor bilen, mejbury ýagdaýda ewakuasiýa edilmeýändigini" aýdyp, Vkontakte ulgamynda çap edilen ýazgyny öçürdiler.
Hudýakowyň sözlerine görä, harby işgärler Gluşkowskiý etrabynyň ozal yzyna gaýdyp gelen ýaşaýjylaryna "has ygtybarly ýere göçmäge" kömek edýärler. "Bu soňky döwürde obalarymyzyň Ukrainadan oka tutulmagynyň gürelmegi bilen baglanyşykly" diýip, ol sözüni anyklaşdyrdy.
Oba başlygy adamlaryň göçmek barada özbaşdak karar etmelidigini aýtdy.
"Bilmezlikde döreden howsalam üçin ýene bir gezek ötünç soraýaryn, bagyşlaň. Ilat ewakuasiýa edilmeýär! Obadaky ýagdaý gözegçilik astynda" diýip, Hudýakow aýtdy.
Gluşkowskiý etrabynyň başlygy Pawel Zolotarew hem öz gezeginde ýerli ýaşaýjylara Kursk sebitiniň has howpsuz ýerlerine göçmegi teklip etdi.
"Administrasiýa häzir howply bolup biljek ýerleri terk etmek isleýänleriň hemmesine kömek etmäge taýýar. Ýaragly güýçlerimiz serhet sebitindäki ýagdaýy gözegçilik astynda saklaýar" -diýip, Zolotarew ýazdy.