ABŞ 15-nji aprelde Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň kabinet başlygy Antal Rogana garşy öýdülýän korrupsiýa we çaklanylýan hilegärlik aýyplamalary boýunça öň girizilen sanksiýalaryň ýatyrylandygyny habar berdi.
Maliýe departamentiniň resmi websaýtynda ýerleşdirilen beýanatda Roganyň ýörite sanksiýa sanawyndan çykarylandygy tassyklandy.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubionyň şol gün Wengriýanyň daşary işler ministri Peter Sijarto bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bu karary resmi taýdan habar berendigi barada, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Tammy Brus mälim etdi.
Rubio Roganyň “Ýörite kesgitlenen şahslar we petiklenen taraplar” sanawyndan çykarylandygyny aýdyp, onuň sanksiýa sanawynda galmagynyň indi ABŞ-nyň daşary syýasat bähbitlerine laýyk gelmeýändigini belledi.
Taraplar şeýle-de ykdysady hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri we strategik meselelerde ABŞ bilen Wengriýanyň gatnaşyklaryny güýçlendirmek boýunça pikir alyşdylar.
Wiktor Orban we onuň “Fides” partiýasy prezident Donald Trampyň Ýewropadaky iň ynamdar goldawçylarynyň hatarynda hasaplanýar.
Ýatlatsak, ABŞ ýanwarda Rogany öýdülýän korrupsiýa we syýasy ýaranlaryny baýlaşdyrmak baradaky çaklanylýan aýyplamalar esasynda, oňa garşy sanksiýa girizipdi. Maliýe departamentiniň şol wagtky beýanatynda, Roganyň hökümetdäki wezipesinden peýdalanyp, ykdysady pudaklara gözegçilik etmek boýunça düzülen "çarçuwallaryň başynda durandygy" we olardan girdeji gazanandygy aýdylýardy.
ABŞ-nyň şol wagtky Wengriýadaky ilçisi Deýwid Pressman bu ýagdaýy “guramalaşdyrylan korrupsiýa” diýip atlandyrypdy we onuň ABŞ-nyň hem-de onuň ýaranlarynyň howpsuzlygyna täsir ýetirýändigini nygtapdy.
Pressman Trampyň 20-nji ýanwarda wezipesine girişmeginden öň ilçilik wezipesinden çekilipdi.
Wengriýanyň hökümeti bu sanksiýalary “ilçiniň şahsy ar alşy” hökmünde häsiýetlendiripdi we sanksiýalaryň ýatyrylmagyny “Waşingtonda syýasy ýagdaýlaryň üýtgändiginiň aýdyň nyşany” diýip gowy garşylady.
ABŞ-nyň ýanwardaky maglumatyna görä, Rogan hökümetdäki işi döwründe jemgyýetçilik serişdelerini we kontraktlaryny syýasy taýdan ýaranlaryna paýlamak boýunça ulgamy dolandyrypdyr.
Ol “Global Magnitskiý Kanuny” esasynda, dünýäde adam hukuklaryny bozýan we korrupsiýa bilen baglanyşykly şahslar üçin niýetlenen sanksiýa mehanizmi arkaly sanksiýalara sezewar edilipdi.
Rogan baradaky öňki beýanatda Wengriýadaky jemgyýetçilik korrupsiýasynyň soňky onýyllykda düýpli güýçlenendigi we ýurduň Transparency International guramasynyň 2023-nji ýyldaky hasabatynda ÝB agzalarynyň arasynda iň pes baha alandygy bellenipdi.
Forum