Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň kazyýeti ýetimler öýüniň okuwçylary bilen jynsy gatnaşykda aýyplanan resmileriň işine ýaňadan seredýär (wideo)


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Özbegistanyň Ýokary kazyýetine Horezm welaýat prokuraturasyndan, welaýatyň Adalat bölüminiň öňki başlygynyň we etrabyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölüminiň başlygynyň ýetimler öýünde saklanýan okuwçylar bilen jynsy gatnaşykda bolmakda aýyplanyp çykarylan hökümine garşy protest aksiýasy gelip gowuşdy. Bu işe şikaýat arzasy hökmünde ýaňadan serediler.

Birinji gezek kazyýet öňki emeldarlara garşy 1,5 ýyl azatlykdan çäklendirilýän höküm çykarypdy. Prokuratura kazyýetiň çykaran kararyny ýatyrmagyny we şikaýat arzasyna laýyklykda, işi ýene-de ara alyp maslahatlaşmagy soraýar. Bu barada Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň metbugat sekretary Aziz Abidow maglumat berdi.

«Bu arza Özbegistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat bölüminde 6-njy aprelde, Özbegistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksiniň 19-njy maddasynyň talaplaryna laýyklykda, ýapyk sud mejlisinde kassasiýa boýunça serediler» diýip, Ýokary kazyýetiň habarynda aýdylýar.

Ol bolan jenaýat ýedi aýa golaý wagt geçenden soň – Nemolchi.uz ulgamynda, zorluga garşy proýektiň çap edilmeginden soň, köpçülige belli boldy.

Proýektiň awtorlarynyň bellemegine görä, 10 aýyň dowamynda ýaşlaryň ýetimler öýünde saklanýan kämillik ýaşyna ýetmedik ýetim gyzlary ol öýüň müdiri welaýatyň adalat bölüminiň we etrabyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölüminiň ýolbaşçysy bilen jynsy gatnaşyk üçin ulanypdyr. Ýetimler öýüniň müdirine 5,5 ýyl türme tussaglygy berlipdir. Döwlet işgärleri - 1,5 ýyl möhlet bilen azatlykdan çäklendirilipdir we olar eýýäm azatlyga çykypdyrlar.

Jenaýat işiniň materiallaryndan mälim bolşuna görä, 2021-nji ýylda, hossarsyz galanlar üçin, maşgala çäginde döredilen ýetimler öýüniň müdiri maddy gymmatlyklary aljak bolup, üç okuwçy gyzy (15, 16, 17 ýaşlarynda) welaýat adalat bölüminiň başlygy we etrabyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölüminiň başlygy bilen jynsy gatnaşykda bolmaga mejbur edýär.

Ýetimler öýüne ýolbaşçylyk eden aýalyň gyzlary urup, olary aç saklap, beýlekilerden çetde bolmaga mejbur edendigi hem bellenýär. "Jynsy gatnaşyk ýetimler öýüniň çäginde hem-de welaýatyň adalat bölüminiň başlygynyň gulluk ofisinde bolup, ýetim gyzlary 10 aýyň dowamynda zorlapdyrlar. Şol döwürde ýetimler öýünde "haýyr-ýardam" hökmünde sowgat edilen köp mebel – öý goşlary peýda boldy” diýlip, habarda aýdylýar.

Jemgyýetçilik närazylyklary hem talaplary artandan soň, Özbegistanyň Baş prokuraturasy ozalky iki resmä garşy çykarylan hökümiň ýumşakdygyny boýun aldy.

Makala Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG