Her bir daşary ýurt ýolbaşçysynyň Türkmenistana resmi saparynda bolşy ýaly, paýtagt Aşgabatda Ukrainanyň prezidentiniň awtoulag kerweniniň geçýän köçeleri ýapyldy.
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň ilkinji duşuşygynyň janköýerleriniň şowhuny ýetik boldy.
Awtoulag satylýan bazardan ulag satyn almaga baran Meýlis awtoulaglaryň bahasynyň soňky 2-3 hepdede gymmatlap başlandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki obýektleri hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.
Türkmenistanda fewraldaky köpçülikleýin çäreleriň aglabasy Baýdak güni baýramçylygy bilen bagly. Emma bu sanawda stadionda geçirilýän teatrlaşdyrylan baýramçylyk dabarasy ýok.
Şu ýylyň başynda ýurtda Türkmenistanyň prezidentiniň “kanoniki” diýlip atlandyrylýan portreti çalşylyp başlandy.
2008-nji ýylda paýtagta getirilip başlanan bu awtobuslaryň ilkinjileriniň reňki ak bolansoň, il içinde olara “ak Hýundaý” diýlip at berlipd
Soňky ýyllar kadr agentlikleriň diňe sany köpelmän, olaryň işleriniň netijeliligi hem artýar. Türkmenistanlylar agentlik bilen habarlaşyp, olaryň hödürleýän teklipleri bilen tanyş bolýarlar.
Türkmen gazetleriniň birinji we ahyrky sahypalarynda “Howandary – Türkmenistanyň prezidenti” diýen ýazgy indi aýrylmaly.
Häzir Aşgabadyň bazarlarynda, oňküler yaly elin eti tapmak kyn. Bazarlardaky etçileriň käbirleriniň elin et diýip satýan etiniň, jylka etinden süňki köp.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň lukmançylyk pudagynda elektron resminama dolanyşyk sistemasyny ornaşdyrmak boýunça işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanda 2-nji ýanwardan awtomobil benzininiň we dizel ýangyjynyň talonlarynyň goýberilip başlanjakdygy habar berildi. Emma paýtagtyň mugt benzin talonyny berýän banklarynda, adatdaky bolşy ýaly, nobatlar peýda bolmady.
Dekabryň ahyrynda ýurduň “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Turkmenistan” merkezi gazetlerinde 2013-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek çäreleriň tertibi çap edildi. Şoňa görä, ýanwar aýynda jemi 24 sany dürli görnüşli çäre geçirmeklik göz öňünde tutulýar.
Paýtagt Aşgabadyň “Lomaý söwda bazary” täze ýyl bazaryna öwrüldi. Bu bazarda täze ýyl söwdasy beýlekilere garanyňda has ir başlanýar.
Türkmenistanda 15-nji dekabrda ýurtda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna girişildi. Şol gün bu barada SMS arkaly mobil telefonlaryň eýelerine ýörite habar hem iberildi.
“Atam bilen enem Omskdaky iş lagerleriniň birinde bolupdyrlar. Olaryň 6 sany çagasy bolupdyr. Atam we enem Sibirde ýogalypdyrlar. Meniň kakam bolsa sürgünlikden soň, 50-nji ýyllarda Türkmenistana göçüp gelipdir”
Şu ýyl geçen ýyllardan tapawutlylykda, Bitaraplyk baýramy mynasybetli paýtagtyň stadionlarynda uly dabaralar geçirilmedi.
“Ilkibaşda meniň atam we enem Özbegistana, Goňrat şäherine sürgün edilipdir. Soň olardan bir bölegi Türkmenistana göçüp gelipdir."
Paýtagtdaky awtoulag sürüjileriň arasynda taksiçilik bilen meşgullanýanlary az däl. Awtoulag eýeleriniň käbirleri, olaryň öz aýdyşlary ýaly, “benzin puly” üçin kireý edýän bolsalar, käbirleri üçin taksiçilik olaryň esasy girdeji çeşmesidir.
Türkmenistanda ýurduň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk işleriniň ahyrky tapgyry alnyp barylýar.
Ýene-de ýükle