Türkmenistanda gazet-žurnallara abuna ýazylmak, has dogrusy, abuna ýazmak çäreleri dowam edýär. Her bir gazetde ýa-da žurnalda degişli neşire 2013-nji ýyl üçin ýazylmaga mümkinçiligiň bardygy barada bildirişler ýerleşdirilýär.
Soňky hepdeler Aşgabatda gijelerine howanyň temperaturasy minus derejesine ýetýär. Howanyň sowamagy bilen ençeme adamlar jaýlaryny ýylatmagyň ugruna çykdylar.
Aşgabadyň çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň aýtmaklaryna görä, häzir çagalar baglarynda terbiýelenýän indiki ýyl 6 ýaşy dolýan çagalary Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň işgärleri sanawa alýarlar.
Bitaraplyk baýramy mynasybetli ýurduň sungat we medeniýet işgärleriniň her ýyl ”Olimpiýa” ýa-da “Aşgabat” stadionynda geçirilýän teatrlaşdyrylan baýramçylyk dabarasynyň şu ýyl ýatyrylýandygy aýdylýar.
Paýtagt Aşgabatdaky sport mekdepleriniň birnäçesiniň ýerzeminlerde ýerleşýän okuw-türgenleşik jaýlary bir hepde mundan ozal, aýdylşyna görä, wagtlaýynça ýapylypdyr.
Adatça, Türkmenistanda otly ýa-da uçar biletleriniň gytlygy tomus aýlarynda ýiti duýulýar. Emma häzirem, gyzgalaňly möwsüm hasaplanmasa-da, otly biledini tapmagyň kyndygy görünýär.
Ýurtda hereket edýän zähmet biržalary aram-aram zähmet bazarlaryny geçirýärler. 15-nji noýabrda Aşgabadyň “Paýtagt” myhmanhanasynda hem şeýle çäre geçirilmeli. Emma olaryň netijeliligi sorag astynda.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýyllyk statistika neşirinde geçen ýyl ýurda 8697 daşary ýurtly turistiň gelendigi barada habar berilýär. Olaryň aglabasy, ýagny 3874-si goňşy Eýrandan.
Türkmenistanda soňky birnäçe ýylyň dowamynda ençeme sport desgalarynyň gurlandygyna, olarda türgenleşmek üçin amatly şertleriň bardygyna garamazdan, Aşgabadyň sport mekdepleriniň käbirleri heniz hem ýaşaýyş jaýlarynyň ýerzeminlerinde ýerleşýär.
Aşgabatda awtoulagyň aýnasynda onuň satylýandygy baradaky bildirişi we habarlaşmak üçin telefon nomerini ýazmak gadagan edilýär. Sürüjileriň aýtmaklaryna görä, häzir polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri awtoulaglaryň eýelerine bu hili ýazgylary pozdurýarlar.
Türkmenistanda geçirilýän sport ýaryşlarynyň tomaşaçylar üçin guramaçylyk taýdan amatsyz bolmagy, olara tomaşa edýänleriň az bolmagy bu ýaryşlaryň kimler ýa-da näme üçin geçirilýändigi baradaky soraglary döredýär.
Käbir resmiler Gurban baýramynyň ýurduň Garaşsyzlyk gününe gabat gelmegi bilen ýurtda baýramçylyklaryň goşa gelýändigi hem-de onuň aýratyn manysynyň bardygyny aýdýarlar. Emma onuň Garaşsyzlyk baýramyna gabat gelmegi ilaty o diýen begendirip barmaýana meňzeýär.
21-nji oktýabrda paýtagtdaky “Aşgabat” sport toplumynyň ýanyndaky awtodromda geçirilen awtosport boýunça baýramçylyk ýaryşynda tomaşaçylaryň sany 20-ä hem ýetenokdy.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe girizilen raýatlaryň üç arkasy baradaky maglumatlary, indi, çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar hem bermeli.
Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurtlara özboluşly “lukmançylyk-turlarynyň” bardygy, Eýran we Türkiýä öz saglyk ýagdaýlaryny bejertmäge gidýänleriň köpdügi habar berilýär. Hökümet bolsa olaryň öňüne böwet basmaga synanyşýar.
Türkmenistanyň "Ahal" ýagy ilat arasynda uly meşhurlyga eýe. Daglanman ulanmaga niýetlenen bu ýag beýleki welaýatlaryň ýag zawodlarynyň pagta ýaglaryndan tapawutlanýar. Emma bu ýagy häzir paýtagt Aşgabadyň bazarlaryndan tapmak kyn.
Aşgabatda, 1-nji oktýabrdan başlap, jemgyýetçilik transporty bolan awtobuslarda ýol petekleri girizildi. Soňky dört ýylyň içinde bu indi ikinji gezek ýol peteklerini girizmek synanyşygydyr.
Türkmenistanda teatr oýunlaryna höwes bilen tomaşa edýänleriň sany teatrlara mejbury ýagdaýda barýanlaryň sanyndan köp däl ýaly görünýär.
Bazarlarda etiň bahasyny bir derejede saklamak üçin hökümet tarapyndan edilýän tagallalara garamazdan, etiň bahasy gymmatlaýar.
Häzir MTS kompaniýasynyň iki sany tarif plany hereket edýär. Olaryň biri “MTS Ýönekeý”, beýlekisi “Super 0” tarif planlarydyr. Emma ilat arasynda garaşylan gyzyklanma döremedi.
Ýene-de ýükle