Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary we orta bilim berýän okuw jaýlary tarapyndan berlen diplomlary resmi suratda tassyklamagyň täze tertibi kabul edildi.
Paýtagtyň S.Nyýazow adyndaky keselhanasy Aşgabat boýunça näsaglaryň iň köp ýüz tutýan keselhanasy diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Keselhananyň howlusynda mydama-da adam köp.
Soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabatda ençeme täze keselhanalar açyldy. Emma olara bejergi almak üçin barýan raýatlaryň sany onçakly köp däl, hatda barmak basyp sanaýmaly diýse-de boljak.
Aşgabadyň golaýyndaky dag gerişlerinden geçýän 8 kilometrlik “Saglyk ýolunyň” “meşhurlygy” bilen bir hatarda onuň edil gabat garşysyndaky üç ýarym esse uzyn ekiztaýy ýodany ýatlaýan ýok.
Türkmenistanda işlemeýän, yzygiderli girdejisi bolmadyk raýatlaryň döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça töleýän tölegleriniň möçberi 15 esse galdyrylar.
Aşgabadyň “Hitrowka” diýilýän ýeriniň ýaşaýjylaryndan hojalyklarda gazölçeýji abzallaryny oturtmak üçin pul ýygnalanyna eýýäm bir ýyldan hem köp wagt geçdi.
Aşgabatda onuň arhitektura taryhyna degişli sowet döwründe “Garagumstroý” diýip atlandyrylan we soňra “Täjirçilik merkezine” öwrülen binanyň daşyna ýelmenen mermeri sökülýär.
Türkmenistanyň öz garaşsyzlygyny alanyna tas 23 ýyl bolandygyna garamazdan, ýokary okuw jaýlarynyň käbir fakultetlerinde henizem sowet döwründen galan kitaplardan sapak berilýän halatlary bar.
Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda 2013-14-nji okuw ýylynyň başynda orta mekdepleriň 1761 sanysy işläp, olarda milliona golaý okuwçy okaýar. Her ýyl 100 müň töweregi okuwçy orta mekdepleri tamamlaýar.
Anna güni hökümet maslahatynda türkmen prezidenti “Şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakyndaky” karara gol çekdi.
Soňky birnäçe günüň dowamynda paýtagtyň Parahat mikroraýonynda gije sagat 20.00-dan tä 23.00-a çenli PÝGG awtoulaglarynyň ýörite ses signallary ýaşaýjylary bimaza edýär.
Çoganla tarap barýan awtoýollaryň ählisi ozal çukur gazylyp, beklenildi. Ýollar ulaglar üçin henizem ýapyk. Şol bir wagtyň özünde-de pyýada barýanlar üçin şeýle çäklendirmeler ýok.
Anna güni bolup geçen hökümet maslahatynda ýurt baştutany ýurt boýunça 3 million bagyň ekiljekdigini habar berdi. Duşenbe güni hem bu çärä taýýarlyklar baradaky meselelere garaldy.
Soňky günleriň dowamynda, Aşgabadyň azyk önümlerini satýan döwlet we hususy eýeçilikdäki käbir dükanlarynda barlag işleri geçirilýär. Bularyň, esasanam, hususy eýeçilikdäki dükanlarda geçirilýändigi aýdylýar.
Paýtagtyň kommersiýa dükanlary indiden beýläk sagat 22.00-a çenli işlemeli. Bu barada kommersiýa dükanlarynyň eýelerine häkimiýetler tarapyndan duýduryş berlipdir.
Hokkeý boýunça Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara ýaryş tamamlandy. Oňa Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan we Türkmenistandan 8 topar gatnaşdy.
“Türkmentelekom” 1-nji fewraldan özüniň ADSL tehnologiýasy arkaly hödürleýän internet aragatnaşygynyň “Öý üçin internet” hyzmatynyň täze limitsiz tarif planyny girizýändigini habar berdi.
Aşgabadyň 48-nji we 55-nji mekdepleri barada aýdylanda, "Ruhnama" kitabynyň ornuny eýýäm häzirki prezidentiň ýazandygy aýdylýan “Döwlet guşy” romany eýeläp başlady.
Türkmenistan soňky ýyllaryň iň sowuk howasyny başdan geçirýär. Soňky günler howanyň sowuklygynyň minus 14-16 gradusa ýetendigi barada maglumatlar berildi.
Düýn Aşgabadyň 55-nji orta mekdebinde irden geçirilýän lineýkada mekdep müdiri okuwçylara internetdäki sosial saýtlara girip, şol sahypalarda hasap açmazlygy hem-de öz surtlaryny goýmazlygy tabşyrypdyr.
Ýene-de ýükle