Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Moskwada geçiriljek Ýeňiş gününiň dabaralary bilen baglylykda Ukrainada üç günlük ýaraşyk ornaşdyrmak baradaky teklibini tankyt etdi.
Bu birtaraplaýyn ýaraşyk düzgüniniň 8-10-njy maý aralygynda giriziljekdigi aýdylýar. Bu döwürde Russiýa, Ikinji Jahan urşunda nasistik Germaniýanyň ýeňilmeginiň 80 ýyllygyny belleýär.
Zelenski atyşyklary bes etmek üçin şol günlere çenli garaşmak zerurlygynyň ýokdugyny aýtdy.
“Näme sebäpden ähli kişi atyşygy bes etmek üçin 8-nji maýa çenli garaşmaly – diňe Putiniň geçirmegi meýilleşdirýän paradynyň hatyrasyna dymyşlyk döretmek üçinmi? Biz adam janyna ähmiýet berýäris, paradlara däl,” diýip Zelenski gijeki wideo ýüzlenmesinde belledi.
“Atyşygy bes etmek diňe birnäçe gün üçin girizilip, soňra ýene-de öldürmelere başlamak üçin bolmaly däl. Ol bada-bat, doly we şert goýmazdan girizilmeli we iň azyndan 30 gün dowam etmeli, şeýle edilse ol ynamdar bolardy we kepillik dörederdi. Şeýle ýagdaý hakyky diplomatiýa ýol açyp biler” diýip Zelenski aýtdy.
Zelenski ABŞ-nyň öňe süren we Ukraina tarapyndan hem goldanan doly we şert goýmazdan atyşygy bes etmek baradaky teklibiň häzir hem güýjüni saklaýandygyny ýene bir gezek gaýtalady.
“Russiýa näme etmeli we nädip jogap bermelidigini gowy bilýär: atyşyklary hakykatdan hem doly bes etmeli.”
Mundan öň, Ukrainanyň daşary işler ministri 28-nji aprelde Kremliň yglan eden ýaraşyk baradaky beýanatyny hilegärlik atlandyrdy we onuň dessine başlamalydygyny belledi.
Bu Kremliň bir aýyň dowamynda atyşyklary bes etmek baradaky ikinji çagyryşydyr. Mundan ozal, şu aýyň başynda Pasha baýramçylygy bilen bagly girizilen ýaraşyk düzgüni hem ýeterlik derejede berjaý edilmän, taraplar biri-birine zarba urmagy dowam etdiler.
Prezident bolany bäri, Putin her ýyl adatça bolşy ýaly 9-njy maýda, ýagny Ýeňiş güni Gyzyl meýdançada geçirilýän harby parady kabul eder. Bu baýramçylykda Putin soňky ýyllarda sowet we rus taryhyny gowy öwüşginde görkezmek we Günbatary tankytlamak üçin ýygy-ýygydan peýdalanýar.
Bu dabaralar, häzirki wagtda dördünji ýylyna giren we Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropadaky iň uly guryýer söweşine öwrülen Ukrainadaky Russiýanyň hüjümlerini dowam etdirýän mahalynda geçirilýär.