Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ukrainadaky ok atyşygy bes etmek düzgüniniň dowam etdirilmegini goldaýar


Ukrain esgerleri pashany belleýär
Ukrain esgerleri pashany belleýär

ABŞ Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky pasha döwründe girizilen ýaraşygyň uzaldylmagyny goldaýandygyny mälim etdi. Mundan bir gün öň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bu baradaky teklibi öňe sürüpdi. Döwlet departamenti bu ädimiň Russiýanyň parahatçylyk baradaky meýilleriniň çynlakaýdygyny görkezip bilerdi diýip belledi.

Mundan öň, Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Putiniň pasha ýaraşyk düzgüniniň uzaldylmagy barada hiç hili görkezme bermändigini aýtdy. Atyşygy bes etmek düzgüni 21-nji aprele geçilýän gije-ýary tamamlanýar. Taraplaryň beýanatlaryna görä, front liniýasynyň birnäçe ýerinde çaknyşyklar dowam edýär, emma söweş hereketleriniň ýygjamlygy adatdaky günlerden has pes bolmagynda galýar.

Prezident Wolodymyr Zelenski Russiýanyň goşununyň front liniýasy boýunça hüjümleri we atyşyklary dowam etdirýändigini aýtdy, şol bir wagtda pasha gününde ýurduň çäginde howa duýduryşlarynyň bolmandygyny belledi. Emma Zelenski ABŞ bilen Ukrainanyň hödürlän 30 günlük doly parahatçylyk teklibine, Russiýanyň häzire çenli jogap bermändigini hem ýatlatdy.

Ukraina pasha ýaraşygyny resmi taýdan yglan etmese-de, Zelenski ukrain goşunlarynyň rus tarapyna “laýyk” hereket etjekdigini aýtdy.

Döwlet departamentiniň beýanatynda Birleşen Ştatlaryň öňküsi ýaly doly we ähliumumy parahatçylyk ylalaşygyny goldaýandygy nygtalýar. “Bu meseläniň çynlakaý çözgüdine baha bermek üçin ok atyşyklary bes etmek düzgüniniň ýekşenbe gününden soň hem dowam etdirilmegini gowy garşylardyk” diýilýär.

XS
SM
MD
LG