Ýeňiş gününi belleýän Türkmenistanda Sowet mirasyna garşy wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlanýar

Arhiwden alnan surat. Aşgabatdaky Baky ot ýadygärligi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy maýda Moskwada 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda Nazi Germaniýasyndan üstün çykylmagyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýan mahaly, häkimiýetler ýurt içinde bu urşuň wagyz edilmegine we sowet mirasyna garşy göreşi güýçlendirýär.

Bu göreş esasan iki ugur boýunça ýüze çykýar: birinjilik bilen, ýaş raýatlaryň arasynda sosial torlarda urşuň wagyz edilmegine garşy häkimiýetler tarapyndan gürrüňdeşlikler geçirilýär; ikinjilik bilen, döwlet drama teatrlarynda II Jahan urşunda gazanylan ýeňşi wagyz edýän sahna oýunlarynyň goýulmagy gadagan edilýär.

Degişli maglumat Berdimuhamedow 9-njy maýda Putiniň myhmanlarynyň biri bolar

Ýaş raýatlar soraga çekilýär

“Balkan welaýatynda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan Baky ot ýadygärliginiň ýanynda harby lybaslarda wideo düşüp, sosial ulgamlarda, şol sanda Instagram we TikTok ýaly platformalarda paýlaşýan ýerli bloggerler Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan soraga çekilip başlandy. Şeýle wideolar bozdurylýar we olaryň awtorlaryndan dilhaty alynýar” diýip, balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Häkimiýetler ýaş raýatlaryň arasynda geçirýän wagyz-nesihat işlerinde uruş propagandasy bilen baglylykda ynjalyksyzlyk beýan edýärler we şeýle äheňde taýýarlanan audio-wizual maglumatlaryň sosial torlarda paýlaşylmazlygyny ündeýärler.

“Käbir ýaş ‘tiktokerler’ ruslaryň “Katýuşa” aýdymyny ulanyp, uruş atmosferasyny döredýän wideolary paýlaşýarlar. Häkimiýetler olar bilen Sowet mirasyna garşy wagyz işlerini geçirýärler” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar we şeýle wideolaryň sosial torlarda paýlaşylmagyna garşy berk duýduryşlaryň berilýändigini belläp sözüniň üstüni ýetirýär.

Russiýanyň Ukrainada üç ýyldan gowrak wagt bäri alyp barýan çozuşynyň fonunda, Türkmenistanda häkimiýetler mundan ozal hem Sowet Soýuzynyň wagyz edilmegine garşy käbir çäreleri durmuşa geçirdiler.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçysy geçen ýylyň sentýabr aýynda milli howpsuzlyk we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň günbatar sebitde orak, çekiç we gyzyl baýdak ýaly sowet nyşanlarynyň wagyz edilmegine, şeýle nyşanlaryň suraty çekilen futbolkalaryň, kepkalaryň geýilmegine garşy iş alyp bardy.

Şonda ýerli ýaşaýjylar ýerli häkimiýetleriň Sowet Soýuzynyň gaýtadan dikeldilmeginden gorkýandygyny aýtdylar.

Degişli maglumat Türkmen prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna $10 berler

Sahna oýunlary gadagan edilýär

Türkmenistanda 9-njy maý Ýeňiş güni hökmünde bellenip geçilýär, ýöne munuň bilen baglylykda dynç alyş berilmeýär.

Ýöne türkmen häkimiýetleriniň sowet mirasyny oňlamazlygy bilen bagly alyp barýan çäreleri bu ýyl has-da çynyrgaýan ýaly bolup görünýär.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bu gezek Ýeňiş baýramynyň öňüsyrasynda we dowamynda häkimiýetler tarapyndan ozal girizilmedik bir gadaganlygyň ýerine ýetirilmegine ünsi çekýär.

“Geçen ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl Balkanabat we Türkmenbaşy şäherleriniň döwlet sazly drama teatrlarynda uruş temaly sahna oýunlaryny goýmaklyk gadagan edildi” diýip, bir medeniýet işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda Sowet mirasy bilen bagly meseleler häkimiýetler tarapyndan aç-açan agzalmady, ýöne şol bir wagtda kolonial garaýyşlardan halas bolmak ugrunda tagallalara bat berildi. Sowet atlary dakylan ilatly ýerleriň atlary milli atlar bilen çalşyryldy.

Türkmenistan ata-babalaryň ýol-ýörelgelerine esaslanýan hem-de öz milli şahsyýeti, kimligi bolan döwlet hökmünde öňe saýlanmaga synanyşdy.

Ýöne Russiýanyň Ukrainada alyp barýan esassyz urşunyň fonunda öňki sowet giňişliginde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda sowet mirasy boýunça gymyldy-hereketler peýda bolup başlady.

Ukrainadaky rus urşy käbir öňki sowet respublikalarynyň, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda wagtal-wagtal özygtyýarlylyk we territorial bitewilik bilen bagly hyjuwlary öjükdirdi.

Ýatlasak, güýzde özbek parlamentiniň agzalarynyň arasynda sowet nyşanlaryny resmi taýdan gadagan etmek boýunça käbir teklipler ileri sürüldi.

Türkmenistanda bu hili çykyşlar aç-açan görnüşde beýan edilmeýär, ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal ilat arasynda sowet geçmişi bilen bagly biparhlygyň bolandygyny, ýöne şol bir wagtda sowetler döwründe önüp-ösen käbir adamlaryň toý-märekelerde sowet ýyllaryny mahabatlandyryp käbir gürrüňleri gozgap başlandyklaryny habar berdi.

Degişli maglumat Türkmenistan 9 Maý Ýeňiş baýramyny rus propagandasynyň simwolikasy astynda belledi

Syýasy liderler möhüm çatrykda 'ýol saýlaýar'

Media maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçiriljek harby dabara gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýöne şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri we ýerli intelligensiýa wekilleri soňky ýyllarda türkmen syýasatynyň rus propagandasyndan gutulmaga tarap ymtylýandygyny aýdýar.

“Serdar Berdimuhamedow we Oguljahan Atabaýewa syýasat sahnasynda Günbatara tarap ymtylmagy, ýurduň ümzügini Günbatara tarap öwürmegi saýlap alýarlar – olar özleriniň halkara çykyşlarynda rus dilinde däl, iňlis dilinde çykyş etmegi saýlap alýarlar. Il arasynda ‘düýe garrasa, köşegine eýerer’ diýilşi ýaly, aslynda Moskwa tarapdarlykda tanalýan Gurbanguly Berdimuhamedow hem soňky wagtlarda Günbatara ýykgyn edip başlady” diýip, bir magaryf işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bitarap Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary, synçylara görä, özleriniň halkara gatnaşyklaryda ähli taraplar bilen deňargamly, deňhukukly, özara bähbitli döwlet syýasatyny ileri sürýändiklerini aýdýarlar we bu ýurtda syýasy paýhas halkara tutumlarda geçmişde bolup geçen wakalary däl, esasan şu güni we geljegi nazarlaýan pragmatik çemeleşmelerden ylham alýan ýaly görünmäge çalyşýar.

Şol bir wagtda, ýerli synçylar Türkmenistanda sowet mirasyna bolan hyjuwlary öjükdirýän teatr eserleriniň gadagan edilip, ýaş raýatlaryň arasynda sowet ymtylyşlarynyň öňüniň alynýan pursatlarynda, soňky ýyllarda halk arasynda millilige ýugrulan wagyzlaryň güýçlenýändigini, türkmenleriň Sowet Soýuzyna, ýa-da has ozal Rus Patyşalygyna bakna bolan döwürlerinden has irki gahrymançylyklaryň täze şertlerde, häzirki zaman usullar bilen wagyz edilip başlanmagyna ünsi çekýärler.

“Internet ulgamynda paýlaşylýan käbir wideolarda meşhur metjitleriň ymamlary Gökdepe söweşini ýatlaýarlar” diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýdýar.

“Olar özleriniň syýasy wagyzlaryny din bilen baglanyşdyrýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Türkmenistanda 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan ýa-da tylda galan adamlara aýratyn pensiýalar berilýär, şeýle-de her ýylyň Ýeňiş gününde olara pul sowgatlaryny gowşurylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.