Siriýadaky zorluklar barada sanlar näme diýýär

Mourners react during the funeral of Kurdish medical student Shinda Kisho, who was killed in Latakia, March 9

Siriýanyň günbataryndaky zorlugyň döremegi geçiş hökümetiniň özüne degişli toparlara gözegçilik etmek ukybyna sorag döreden hem bolsa, Russiýanyň we Eýranyň Siriýadaky meselelere gatnaşmagyny uly ünsi çekdi.

Siriýadaky ýagdaýa gözegçilik edýän adam hukuklaryny goraýjy dürli toparlar wezipesinden agdarylan prezident Başar al-Assada wepaly ýaragly adamlaryň we hökümet güýçleriniň arasynda 6-njy martda bolan çaknyşykdan bäri 800-den gowrak adamyň öldürilendigini dokumentleşdirdi.

Ahmed al-Şaraanyň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçy toparlar 2024-nji ýylyň dekabrynda çalt hüjüminde hökümeti agdardy we Asadyň maşgalasynyň Siriýany ýarym asyrlap dolandyryşyny bes etdi.

Asadyň hökümetini Russiýa we Eýran goldady. Russiýa täze hökümet bilen gatnaşyklaryny dowam etdirýän hem bolsa, Eýran gatnaşygyny düýbünden ýatyrdy.

Söhbetdeşlikler we açyk çeşmelerden maglumatlary seljermek arkaly Azatlyk Radiosy Siriýanyň içinde bolup geçýän wakalary has anyk görkezmäge synanyşýar.

Erkekler atylyp öldürilýär

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar ölenleriň arasynda ýüzlerçe raýat pidasynyň bardygyny, olaryň köpüsiniň Asada degişli azlyk jemgyýeti bolan alawitlerdigini aýdýar. BMG zorluklaryň dowamynda tutuş maşgalalaryň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň öldürilendigini 11-nji martda habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň derňew bölümi "Shemy" tarapyndan seljerilen sosial mediadaky wideoýazgylar alawit raýatlara garşy iň erbet zorlugyň Russiýanyň Hmeimim howa bazasynyň ýerleşýän port şäheri Latakiýada bolandygyny görkezýär.

Käbir wideolarda ýaragsyz erkekleriň arkasyndan oka tutulyp öldürlendigi, beýlekileriň bolsa, it ýaly üýrmäge we jesetleriň üstünde gezmäge mejbur edilmegi ýaly sütemlere we kemsitmelere sezewar edilendigi görkezilýär.

Häzir Gresiýada ýaşaýan Latakialy siriýaly Nobil, geçiş hökümeti bilen baglanyşykly toparlaryň 6-njy mart gijesinde Muzaýraa obasyna girendigini we ýük awtoulaglaryna oturdylan uly kalibrli pulemýotlardan öýleri oka tutandygyny "Shemy" proýektine gürrüň berdi.

Hüjümde ol alty maşgala agzasyny, şol sanda iki daýzasyny we iki ýegenini ýitiripdir, ýöne dogany gaçmagy başarypdyr.

Siriýanyň hökümet güýçleri Siriýanyň Tartus häkimliginiň Kadmus şäherinde ýerleşdirildi. 9-njy mart.

"Shemy", Talha diýlip atlandyrylýan hüjümçileriň biri Abu Bakr Mork atly adamyň Facebook sahypasyny tapdy, onuň sahypasy Siriýanyň günbataryndaky hüjümler barada maglumatlardan doly.

Bir maglumatynda ol erkekleri sebite barmaga çagyrýar we aýallar “dul, erkek galmady” diýip ýazýar. Başga birinde, Assadyň hökümetini agzap, “bozulan režimiň galyndylaryny arassalamak kampaniýasy” barada ýazýar.

Russiýanyň howa bazasynda bosgun gözlemek

“Planet Labs” tarapyndan berlen we "Shemy" tarapyndan seljerilen sputnik suratlary, 7-nji martda çaknyşyklardan gaçybatalga gözleýän adamlaryň Russiýanyň dolandyrýan Hmeimim howa bazasynyň golaýynda ýygnanyp başlandygyny görkezýär.

"Häzirki wagtda hiç bir tarapyň Russiýa bilen gatnaşyklaryny bozmak islemeýändigini göz öňünde tutup, adamlar üçin bu ýeke-täk howpsuz ýer bolup biler" - diýip, Kiýewde ýerleşýän Ýakyn Gündogary öwreniş merkeziniň müdiri Ihor Semywolos "Shemy" proýektine aýtdy.

Russiýanyň dolandyrýan Hmeimim howa bazasynda çadyrlar, awtoulaglar we barýan köpsanly adamlar. Satellit suraty 8-nji martda düşürildi.

Russiýa, Assadyň esasy goldawçysy bolup, diňe Yslam döwleti (YD) söweşijilerine garşy däl, eýsem Asada garşy gozgalaňçylar bilen söweşen Eýran tarapyndan goldanan güýçlere howadan ýardam beripdi.

Şol gozgalaňçylar indi häkimiýet tarapynda, emma Moskwa täze hökümdarlary üçin möhüm hyzmatdaş hökmünde özüni görkezmegi başardy. Siriýanyň häkimiýeti ýerli walýutasyny çap etmek üçin Russiýa bil baglaýar.

Ruslar iki harby bazasynda, esasanam Hmeimimde möhüm orny eýeledi.

Azatlyk Radiosynyň Russiýa boýunça derňew bölümi “Sistema” 2024-nji ýylyň dekabryndan mart aýyna çenli şol howa bazasyndan "Antonow An-124" kysymly ýük uçarlary bilen azyndan 37 uçuşyň amala aşyrylandygyny tassyklady, howa bazasyna 22 uçar gelipdir we 15 uçar gidipdir. Her bir uçar 150 tonna çenli agram daşamaga ukyply bolup, adamlaryň ýa-da enjamlaryň uly hereketiniň bardygyny görkezýär.

Ölenleriň sany 30 müňden geçdi. Ýer titremeden soň Siriýadan we Türkiýeden düşürilen suratlar

"Sistema" sosial ulgamlarda soňky günlerde goýlan suratlary seljerip, Russiýanyň Siriýadaky Barlyşyk we bosgunlar hereketine gözegçilik merkeziniň başlygy general-maýor Sergeý Gaşkowyň häzirki wagtda howa bazasyndadygyny anyklady.

Russiýanyň Hmeimim howa bazasyna we Tartusdaky harby-deňiz bazasyna gözegçiligi saklamak üçin Damask bilen täze gatnaşyklaryny dowam etdirmäge synanyşmagy geň däldir, sebäbi ol Ýakyn Gündogara, Demirgazyk Afrika we Ortaýer deňzine strategiki giriş mümkinçiligi hökmünde ähmiýet berýär.

Eýranyň roly näme?

Russiýanyň Siriýanyň günbatar kenar ýakasyndaky durnuksyzlyklara sebäp bolýandygyny görkezýän hiç hili subutnama ýok, ýöne käbirler Eýrany rol oýnamakda aýyplaýarlar.

Eýran Assad bilen Tähranyň Yrakdaky we Liwandaky sebit wekillerini birleşdirmek üçin Siriýany gury ýer geçelgesi hökmünde ulanmagyna mümkinçilik beren esasy ýaranyny ýitirdi.

Siriýa: Bäş ýyl dowam edýän urşuň netijeleri

Siriýaly gozgalaňçylar Assady agdaranda, Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hamenei siriýalylary gozgalaňçy hökümete garşy çykmaga çygyrypdy.

Häzirki wagtda Eýran Siriýada serişdeleri ýa-da ýaraglary alyp bilmeýär, ýöne täze hökümete garşylygy görkezýän Assada tarapdar möhüm güýçleriň birnäçesi Tährana ýakyn, olar Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy (IRGC) tarapyndan türgenleşdirilipdi.

Asadyň saklanyp galan wepaly tarapdarlaryna dört şahsyýet ýolbaşçylyk edýär: general-maýor Suhail al-Hasan, onuň dogduk şäheri Aita çaknyşyklara ilkinji sezewar boldy; Mukdad Fatiha "Kenar goragy" ýaragly toparynyň esaslandyryjy; Ybraýym Hawija, Siriýanyň aňtaw gullugynyň öňki başlygy we Siriýanyň 4-nji sowutly bölüminiň öňki ofiseri we Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy, hem-de ABŞ tarapyndan terrorçy topar hasaplanýan "Hezballa" bilen baglanyşykly Ghias Dalla.

Siriýanyň günbataryndaky zorlukdan gaçan alawit siriýalylar 11-nji martda Liwanyň Akkar şäherindäki Nahr al-Kabir derýasyndan geçýärler.

Eýranyň wekilleri we şaýy söweşijileri boýunça bilermen Filip Smit Eýranyň geçiş hökümetinden “aşa uly reaksiýa isländigini” we islän zadyna eýe bolandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy.

"Tähran munuň bolandygyna begenýär", esasanam bu Eýranyň Siriýada "uly durnuksyzlyklara sebäp bolup biljekdigini" kesgitleýär diýip, bilermen belleýär.

Olýa Iwlewa, Kyrylo Owsýaniý, "Shema" proýektinden Anna Myroniuk, Daniil Belowodyew, Dmitriý Suharew, Swetlana Osipowa, "Sistemadan" Ýelizaweta Surnaçewa we Azatlyk Radiosynyň Farda gullugyndan Ilýa Jazaeri tarapyndan berlen maglumatlaryň esasynda taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.