Türkiýede hem Siriýada şu ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremeden ölenleriň umumy sany 30 müňden geçdi. Ýaraly-maýyp bolanlar has köplük. Bu iki ýurtda ýüz müňlerçe adam öý-öwzarsyz galdy. Weýrançylygyň arasyndaky gözleg işleri şindizem dowam etdirilýär. Bu işlere dünýäniň 70 ýurdundan halas edijiler we medisina işgärleri gatnaşýarlar. Şu wagta çenli diri galanlaryň, şol sanda çagalaryň hem bardygy hakda habar berilýär.
Ölenleriň sany 30 müňden geçdi. Ýer titremeden soň Siriýadan we Türkiýeden düşürilen suratlar

1
Mesut Hanjer merhum 15 ýaşly gyzy Irmakyň elinden tutup otyr. Surat 7-nji fewralda düşürildi.
Ýer titremesiniň merkezi saýylýan günorta Türkiýäniň Kahramanmaraş we Gaziantep şäherlerinde, üç milliona golaý adam ýaşaýar.
Ýer titremesiniň merkezi saýylýan günorta Türkiýäniň Kahramanmaraş we Gaziantep şäherlerinde, üç milliona golaý adam ýaşaýar.

2
Bu surat 7-nji fewralda Antakýa şäherinde alyndy.

3
Aýal Gaziantep şäherinde bolan weýrançylyga hasrat çekýär.
Türk häkimiýetleriniň çaklamalaryna görä, ýer titremesinden 13,5 million adam ejir çekdi. Iň agyr weýrançylygyň meýdany 450 kilometri öz içine alýar.
Türk häkimiýetleriniň çaklamalaryna görä, ýer titremesinden 13,5 million adam ejir çekdi. Iň agyr weýrançylygyň meýdany 450 kilometri öz içine alýar.

4
Aleppo welaýatyndaky Jandaris şäheri, bir adam maşgala agzalarynyň jesetleriniň ýanynda otyr.
Siriýanyň Saglygy goraýyş ministrligi Başar al-Assadyň hökümetiniň gözegçiligi astyndaky ýerlerde ýogalanlaryň sanynyň 1200 adamdan geçendigini habar berdi. Ýurduň demirgazyk-günbatarynda Siriýanyň ýaragly oppozisiýasy tarapyndan dolandyrylýan sebitde, azyndan 1400 adam ýogaldy.