Türkiýede hem Siriýada şu ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremeden ölenleriň umumy sany 30 müňden geçdi. Ýaraly-maýyp bolanlar has köplük. Bu iki ýurtda ýüz müňlerçe adam öý-öwzarsyz galdy. Weýrançylygyň arasyndaky gözleg işleri şindizem dowam etdirilýär. Bu işlere dünýäniň 70 ýurdundan halas edijiler we medisina işgärleri gatnaşýarlar. Şu wagta çenli diri galanlaryň, şol sanda çagalaryň hem bardygy hakda habar berilýär.
Ölenleriň sany 30 müňden geçdi. Ýer titremeden soň Siriýadan we Türkiýeden düşürilen suratlar

5
Siriýanyň Afrin şäherinde 5 gatly jaýyň harabaçylygynyň aşagynda doglan gyz bäbejik keselhanada bejerilýär. Ýerli ýaşaýjylar ony harabaçylyklaryň aşagynda aglaýan sesini eşidip tapypdyrlar.

6
Siriýanyň Idlib şäherindäki halas edijiler gije-gündiz harabaçylygy sökýärler.

7
Siriýanyň Jandaris şäherinde halas edijiler ot ýakyp ýylanýarlar.

8
Türkiýäniň Adana şäherinde diri galanlar gözlenýär.