Türkiýede hem Siriýada şu ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremeden ölenleriň umumy sany 30 müňden geçdi. Ýaraly-maýyp bolanlar has köplük. Bu iki ýurtda ýüz müňlerçe adam öý-öwzarsyz galdy. Weýrançylygyň arasyndaky gözleg işleri şindizem dowam etdirilýär. Bu işlere dünýäniň 70 ýurdundan halas edijiler we medisina işgärleri gatnaşýarlar. Şu wagta çenli diri galanlaryň, şol sanda çagalaryň hem bardygy hakda habar berilýär.
Ölenleriň sany 30 müňden geçdi. Ýer titremeden soň Siriýadan we Türkiýeden düşürilen suratlar

9
Ejir çekenlere kömek etmäge Daniýadan gelen halas edijiler öz iş ýerlerinde – Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Hataý welaýatynda, 8-nji fewralda harabaçylygyň aşagyndan, bir aýaly çykardylar.

10
Meýletin gullukçylar ölüler üçin hasrat çekýärler. Hataý, Türkiýe, 8-nji fewral.

11
Gynansak-da, bu aýaly harabaçylygyň aşagyndan diri çykarsalar-da, ýaşap bilmedi.

12
Öý-öwzarsyz galanlar gijäni köçede geçirýärler. Diýarbakir, Türkiýe, 8-nji fewral.