Türkiýede hem Siriýada şu ýylyň 6-njy fewralynda bolan ýer titremeden ölenleriň umumy sany 30 müňden geçdi. Ýaraly-maýyp bolanlar has köplük. Bu iki ýurtda ýüz müňlerçe adam öý-öwzarsyz galdy. Weýrançylygyň arasyndaky gözleg işleri şindizem dowam etdirilýär. Bu işlere dünýäniň 70 ýurdundan halas edijiler we medisina işgärleri gatnaşýarlar. Şu wagta çenli diri galanlaryň, şol sanda çagalaryň hem bardygy hakda habar berilýär.
Ölenleriň sany 30 müňden geçdi. Ýer titremeden soň Siriýadan we Türkiýeden düşürilen suratlar

13
Türkiýäniň Kahramanmaraş şäherinde ýer titremeden ölenleriň jesetleri.

14
Sport zalynyň gapysynda aglaýan aýal. Ol ýerde ýer titremeden ejir çekenleriň jesetleri ýatyr. Kahramanmaraş, Türkiýe.

15
Antakýa şäheriniň ýaşaýjylary ynsanperwer we azyk kömegini paýlaýanlara el serýärler.