Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Tramp bilen bolan çekişmä gynanç bildirdi


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski ABŞ prezidenti Donald Tramp bilen arada 28-nji fewralda Ak tamda bolan gyzgyn çekişmä gynanç bildirdi. Ol ötünç soramady, ýöne “bolup geçen zatlary düzetmegiň wagtynyň gelendigini” aýtdy.

Zelenski bu duşuşygyň “garaşylşy ýaly” bolup geçmändigini, ýöne Kiýewiň parahatçylygy golaýlatmak üçin gepleşiklere açyk galýandygyny aýtdy. “Hiç kim parahatçylyga Ukraina ýaly köp isleg bildirmeýär” diýip, ol X sosial ulgamynda ýazdy.

Ol özüniň hem-de toparynyň “parahatçylygy gazanmak ugrunda prezident Trampyň güýçli ýolbaşçylygynyň astynda” hyzmatdaşlyk etmäge taýýar bolandygyny aýtdy.

Ak tamda şowsuz geçen gepleşikleriň yz ýany, Tramp Zelenskiniň harby hereketleri soňlamaga isleg bildirmeýändigini öňe sürdi.

Zelenski urşy soňlamagyň deslapky ädimleri hökmünde, Russiýa hem bu şertleri berjaý etse, tussaglaryň boşadylmagyny, howa hüjümleriniň bes edilmegini, raketalaryň, uzak aralyk dronlarynyň, hem-de energetika infrastrukturalaryna we beýleki desgalara edilýän hüjümleriň togtadylmagyny, şol bir wagtda, deňiz hüjümleriniň bes edilmegini teklip etdi. Ol parahatçylyk gepleşiklerini tamamlamak maksady bilen, Ukrainanyň ABŞ bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýändigini aýtdy.

Ukrain prezidenti Kiýewiň ABŞ ýardamlaryna, şol sanda Trampyň birinji prezidentlik möhletinde üpjün eden "Žawelin" anti-tank ýaraglaryna minnetdar bolandygyny aýtdy.

Zelenski sosial torlarda paýlaşan postunda ABŞ bilen seýrek metallar boýunça ylalaşyga “islendik wagtda we islendik formatda” gol çekmäge taýýar bolandygyny aýtdy. Ol bu ylalaşygy “berk howpsuzlyk kepilligini gazanmak ugrunda” ädim hökmünde suratlandyrdy we munuň netijeliligine umyt bildirdi.

Ak tam Zelenskiniň beýanatyna heniz jogap bermedi.

XS
SM
MD
LG