Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski Çehiýa sapary wagtynda Moskwa edilýän basyşy ýokarlandyrmaga çagyrdy


Praga. Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel (sagda) Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşyk wagtynda.
Praga. Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel (sagda) Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşyk wagtynda.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 4-nji maýda, bazar güni Praga sapary wagtynda Russiýa bilen ýaraşygyň islendik wagtda mümkindigini aýtdy. Şol bir wagtda, bu mümkinçiligiň durmuşa geçirilmegi üçin, ol Kiýewiň ýaranlaryny Moskwa edilýän basyşy güýçlendirmäge çagyrdy.

Zelenski Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda düýpli basyş edilmese, Putiniň harby konflikti duruzmak üçin hakyky çäre görmejekdigini aýtdy.

"Şu gün eýýäm 54 gün boldy, Russiýa hatda Amerikanyň atyşygy bes etmek barada eden teklibine-de baş galdyrmaýar" diýip, ukrain prezidenti, "diplomatiýa hakyky mümkinçilik bermek" üçin, bu hili ylalaşyklaryň 30 günden aňryk uzaldylmaly däldigini belledi.

Çehiýanyň prezidenti Petr Pawel Russiýanyň häzirlikçe urşy soňlamak çärelerine geçmek isleýändigini aňladýan hiç bir alamat görkezmändigini aýtdy. "Eger haýsam bolsa bir adamyň elinde urşy bes etmek üçin kart bar bolsa, bu prezident Putin, ol bu işi bir karar bilen edip biler" diýip, Pawel žurnalistleriň soraglaryna jogap berende aýtdy.

Wolodymyr Zelenski çeh prezidenti bilen bolan duşuşygyndan soň telegram kanalynda Ukrainanyň we Çehiýanyň F-16 söweş uçarlary üçin uçarmanlary we awiasiýa tehniklerini taýýarlaýan okuw merkezini döretjekdigini habar berdi.

XS
SM
MD
LG