Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 23-nji aprelde Londonda Ukrainanyň, ABŞ-nyň we Ýewropa ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Ukrainadaky harby konflikti diplomatik ýol bilen çözmek boýunça gepleşikleriň geçiriljekdigini tassyk etdi.
“Eýýäm şu çarşenbe güni wekilçilikli toparymyz Londonda iş alyp barar. Ukraina, Britaniýa, Fransiýa we ABŞ – biz çynlakaý we anyk netije berjek parahatçylyk ýolunda mundan beýläk hem hereket etmäge taýýardyrys. Ähli hyzmatdaşlarymyza minnetdarlygymy bildirýärin. Ok atyşlygyň şertsiz bes edilmegi parahatçylyk ugrundaky ilkinji ädim bolmaly. Şu pasha döwrüniň özi Russiýanyň hereketleriniň bu urşy uzaldýandygyny görkezdi” diýip, Zelenski britan premýer-ministri Kir Starmer bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden soň sosial ulgamlarda ýazdy.
Ukrainanyň prezidenti 21-nji aprel güni giçlik eden wideo-ýüzlenmesinde Londonda geçiriljek gepleşikleriň esasy maksadynyň ok açyşlygy şertsiz bes etmek bolmalydygyny belledi.
Bloomberg agentliginiň çeşmeleriniň maglumatyna görä, gepleşiklere ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio, şeýle-de prezident Donald Trampyň ýörite wekilleri Stiw Witkoff we Kit Kellog gatnaşar. Olar Fransiýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň we Ukrainanyň daşary işler ministrleri hem-de milli howpsuzlyk geňeşçileri bilen duşuşar.