Russiýanyň Woronež sebitinde Türkmenistanyň iki raýaty uly mukdarda gadagan edilen neşe serişdeleri bilen saklandy.
“Nowosti Woroneža” neşiriniň 17-nji aprelde ýazmagyna görä, polisiýa işgärleri Ramonskiý raýonyndan geçýän federal ýolunyň ugrunda, Podmoskowýadan neşe serişdeleriniň getiriliş ýoluny ýüze çykaryp, ýörite operasiýanyň dowamynda Türkmenistanyň iki raýatyny tussag etdiler.
Kanun goraýjylar “Changan” kysymly awtoulagy saklanda, onuň içinde 23 ýaşyndaky sürüji we onuň 22 ýaşyndaky ýolagçysy bar eken. Awtoulagyň içki paneliniň aşagyndan ak reňkli poroşokly örtgüler tapyldy. Barlag bu serişdeleriň umumy agramy 4 kilograma golaý bolan metilefedron we efedron maddallardygyny tassyk etdi.
Derňewleriň dowamynda saklananlaryň Moskwa oblastyndan Woroneže neşe serişdelerini daşamak bilen meşgullanýan sebitara neşe dükany üçin kuryerlik edýändikleri anyklady. Polisiýa soňra bu jenaýata dahylly ýene iki ýerli ýaşaýjyny saklady.
Bu iş bilen baglanyşykly jemi dört adama garşy Russiýanyň Jenaýat kodeksiniň 30-njy maddasynyň 3-nji bölegi (Jenaýata synanyşyk) we 228.1-nji maddasynyň 5-nji bölegi (Neşe serişdeleriniň aýratyn uly möçberde önümçiligi, söwdasy we daşalmagy) boýunça jenaýat işi gozgaldy. Günäli tapylsalar, olara 20 ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.
Sud derňew tamamlanýança olaryň ählisini wagtlaýyn tussaglyga ýerleşdirdi.