Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň oppozisiýa liderleri uruş wagty saýlaw geçirmegi ret etdiler


Petro Poroşenko
Petro Poroşenko

Ukrainanyň oppozisiýa liderleri Petro Poroşenko we Ýuliýa Timoşenko Russiýanyň giň gerimli çozuşy wagtynda ýurtda saýlaw geçirmek mümkinçiligini ret etdiler. Habar beriş serişdeleri ABŞ-nyň wekilleriniň bu pikir bilen olara ýüz tutandyklary aýdylýar.

Öňki prezident Poroşenko we ýurduň iň täsirli oppozisiýa wekilleriniň biri bolan öňki premýer-ministr Timoşenko 6-njy martda saýlawlaryň diňe parahatçylyk ýola goýlandan soň geçirilmelidigini aýtdylar.

Poroşenko sosial ulgamda çap edilen ýazmaça beýanynda öz toparynyň ABŞ-nyň "hyzmatdaşlary" bilen aragatnaşyk saklandygyny aýtdy, ýöne ol "Amerikan tarapynyň wekilleri bilen gepleşiklerimiziň düýp manysy hemişe iki ýörelgä, ilkinji nobatda howpsuzlyk we güýç arkaly parahatçylyga öwrüldi" diýip belledi.

"Toparymyz uruş döwründe saýlawlara garşy boldy we düýbünden garşy" - diýip Poroşenko aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Timoşenko "adalatly parahatçylygy üpjün etmekde kömek edip biljek ähli ýaranlarymyz bilen gürleşýäris" diýdi we parahatçylyk gazanylmazdan ozal saýlawlar barada "gepleşik bolup bilmejekdigini" belledi.

Ukrain oppozisiýasynyň bu teswirleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trmpyň "töweregindäki" dört sany agzanyň Poroşenko we Timoşenko bilen Ukrainada saýlaw geçirmek barada "gizlin pikir alyşmak" üçin duşuşandygy barada "Politico" neşirinde berlen habardan soň peýda boldy.

XS
SM
MD
LG