Fransiýanyň energiýa kompaniýasy “Orano” we Ukrainanyň milli ýadro energiýasy boýunça operatory “Energoatom” urany baýlaşdyrmak hyzmatlaryny 2040-njy ýyla çenli üpjün etmek boýunça uzak möhletleýin söwda şertnamasyna gol çekilendigini 6-njy martda penşenbe güni habar berdiler.
"Energoatom" agentliginiň web sahypasynda habar berlişi ýaly, şertnama Ukrainanyň atom pudagynyň ýangyç üpjünçiligi üçin baýlaşdyryş hyzmatlarynyň ygtybarly we köp ugurly berjaý edilmegini kepillendirýär. "Biz 'Energoatoma' onuň Ukrainanyň energiýa garaşsyzlygyny güýçlendirmek üçin ösüşinde ýoldaşlyk edýändigimize buýsanýarys" - diýip, "Oranonyň" baş ýolbaşçysy Nikolas Maes aýtdy.
“Energoatom, Ukrainanyň energiýa howpsuzlygyny güýçlendirýär. Urany baýlaşdyrmak ýadro ýangyjyny öndürmek prosesiniň möhüm tapgyrlaryndan biridir we gol çekilen şertnama döwletimize ýadro desgalarynyň işine esaslanýan durnukly, ýagty geljegi meýilleşdirmäge mümkinçilik berýär" - diýip, ukrain kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Petr Kotin aýtdy.
Ukrainada 15 sany elektrik blokly dört sany ýadro desgasy bar, olaryň biri - umumy kuwwaty 6000 MWt bolan alty sany elektrik blokly Zaporožýe elektrostansiýasy - Ýewropadaky iň ulusydyr. Elektrik reaktorlarynyň sany boýunça Ukraina dünýäde 10-njy, Ýewropada bäşinji orunda durýar.