Russiýanyň Ufa şäherindäki Ufim Döwlet Nebit Tehniki Uniwersitetiniň iki ýolbaşçysy, ýagny prorektory Denis Karetnikow we onuň orunbasary Igor Mymrin 19 türkmenistanly talyby okuwa kabul etmekde korrupsiýa bilen baglanyşykly aýyplandy. Bu barada turkmen.news neşiri ufa1 habar portalyna salgylanyp maglumat berýär.
Russiýanyň derňewçileriniň maglumatyna görä, Karetnikow we Mymrin, daşary ýurtly talyplaryň sanyna görä berilýän “höweslendiriji tölegleri” almak maksady bilen, türkmenistanly dalaşgärleriň giriş ballaryny uniwersitetiň awtomatlaşdyrylan ulgamynda galplaşdyrypdyrlar. Netijede, bu dalaşgärler uniwersitete kabul edilip, Russiýanyň Başkortostan sebitine bikanun esasda gelipdirler.
Karetnikow we Mymrin wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak we bikanun migrasiýany guramak boýunça aýyplanyp, iki aýlyk wagtlaýyn tussaglyga alyndy.
Bu esasda okuwa kabul edilen türkmenistanly talyplaryň soňky ykbaly barada entek maglumat ýok.