5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar. Topa tutmalar we beýleki gabaw çäreleri esasynda 10 müňden gowrak ýaşaýjy öldi. Bu häzirki zaman uruşlarynyň taryhynda iň uzak gabawa alnan şäher boldy.
Saraýewonyň gabawy

9
Saraýewo aeroportynynyň ýanynda oturan bosnia esgerleri BMG-nyň geçip barýan maşynlaryna el galgadýarlar. 14-nji maý, 1993.

10
Minomýot oky göni gelip uran we ot alan jaý. 1994.

11
Saraýewodaky iň gorkuly ýerden, mergen alleýasyndan ylgap barýan ýaş jübüt,1995. Töwerekdäki baýyrlarda ýerleşen mergenler, top we minomýot oklary bilen bir hatarda, 44 aýlyk gabawda her bir adamy nyşana öwürdiler.

12
Fransuz kardinaly Roger Etchegaray (çepde) we bosnia kardinaly Winko Puljç Saraýewoda, 15-nji awgust, 1995. Kardinal Etchegaray pop Jon Pol ikinjiden saraýewolylar bilen raýdaşlyk habaryny getirdi.