5-nji aprelde Bosniýanyň paýtagty Saraýewonyň bosniýa serb goşunlary tarapyndan 1425 günlük gabawa alnyp, ilkinji pidalara sebäp bolanyna 25 ýyl dolýar. Topa tutmalar we beýleki gabaw çäreleri esasynda 10 müňden gowrak ýaşaýjy öldi. Bu häzirki zaman uruşlarynyň taryhynda iň uzak gabawa alnan şäher boldy.
Saraýewonyň gabawy

13
Saraýewonyň merkezi bazarynda minomýot okundan ýaralanan asuda adamlar hassahana koridorynda bejerişe garaşýarlar. 5-nji fewral, 1994. Çepdäki aýal doktorlar seredip ýetişmänkä öldi.

14
Merkezi Saraýewodaky mähelleli Markale bazaryny minomýot okuna tutanlaryndan soňky sahna, 28-nji awgust, 1995. Bu ýerde şonda 43 adam öldi, bu bazar ýerine bilkastdan urlan ikinji zarba bolup, Markale gyrgynçylygy diýip bilinýär.

15
Serb aýal bazarda zat satýar, onuň arkasynda Ilidziada, Saraýewonyň serbleriň elindäki eteginde ýanýan dükan görünýär. 9-njy mart, 1996.