Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13 -15-nji aprel aralygynda Ýaponiýa sapar eder. Bu barada Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň 9-njy aprelde çap eden beýanatynda aýdylýar.
Maglumata görä, Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Osaka şäherinde açyljak “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşar. Onuň Ýaponiýanyň imperatory we premýer-ministri bilen hem duşuşyklary geçirmegine garaşylýar.
Ýaponiýanyň Daşary syýasat edarasy Serdar Berdimuhamedowyň geçmişde bu ýurda bäş gezek sapar edendigini, emma göz öňünde tutulýanyň onuň prezident wezipesine girişeli bäri Ýaponiýa etjek ilkinji sapary boljakdygyny belleýär.