“Türkmenhowaýollary” 1-nji maýdan başlap Aşgabat – Moskwa – Aşgabat we Aşgabat – Kazan – Aşgabat ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär.
Bu barada awiakompaniýanyň resmi web sahypasynda habar berilýär we awiabiletleri awiakassalardan satyn alyp boljakdygy bellenilýär.
“Türkmenhowaýollary” 2024-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Aşgabat bilen Moskwanyň arasyndaky uçuşlaryny wagtlaýyn togtadypdy we bu karary her aýda uzaldypdy.
Gatnawlaryň togtadylmagynyň sebäbi resmi taýdan görkezilmese-de, 25-nji dekabrda Azerbaýjan howaýollary kompaniýasynyň Russiýa barýan uçarynyň Gazagystanyň Aktau şäherinde howa heläkçiligine uçramagynyň yz ýany, birnäçe halkara awiakompaniýalary Russiýanyň şäherlerine edýän gatnawlaryny ýatyrypdy.