Gresiýanyň Rodos şäherinde çaga-ýaşlaryň arasynda geçirilen rapid, ýagny çalt küşt boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly iki okuwçy bürünç medal almagy başardy. Bu barada türkmen hökümetçi neşiri habar berýär.
Maglumatda 13-15-nji aprel aralygynda geçen bu çempionatda ýedi ýaşly Anna Çaryýewanyň we 14 ýaşly Jahan Rejepowanyň çykyş eden degişli derejelerinde üçünji ýerlere eýe bolandygy bellenilýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň adyndan özleriniň degişli derejelerinde çykyş eden Leýla Şöhradowanyň bäşinji orun, Nurana Söýünowanyň ýedinji orun we Hangeldi Muradowyň 12-nji orun eýeländigi aýdylýar. Alty ýaşyndaky Hangeldi Muradowyň 48 ýurduň adyndan çykyş eden 433 oýunçynyň arasynda iň körpesidigi hem bellenilýär.