Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe türkmen gazyny Hazar geçirijisi arkaly hem aljakdygyny aýdýar


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan

Türkiýe, Hazar deňziniň düýbünden çekilen geçiriji arkaly, ýene bäş ýyldan türkmen tebigy gazyny import etjekdigini aýdýar

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bu habary Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Stambul şäherinde geçirilen Tebigy baýlyklar sammitinde eden çykyşynda aýdan sözlerine salgylanyp berýär.

Türk prezidenti türkmen gazynyň Türkiýä şu ýylyň martynda, Eýranyň çäginden iberilip başlanandygyny belläp, bu ugur boýunça eýýäm 250 million kubmetre golaý “mawy ýangyjyň” gelip gowşandygyny, ýyl ahyryna çenli onuň möçberiniň 1,3 milliard kubmetre ýetirilip bilinjekdigini aýtdy.

Habarda türk prezidentiniň türkmen gazyny Hazar geçirijisi arkaly almak barada aýdanlary aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG