Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp: Ukrainanyň mineral serişdeleri boýunça şertnama 24-nji aprelde gol goýulmagy mümkin


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

17-nji aprelde ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň mineral serişdeleri boýunça şertnamanyň geljek hepde gol çekilmeginiň ähtimaldygyny aýtdy.

“Bizde mineral serişdeler boýunça şertnama bar, meniň pikirimçe, ol tiz wagtda, indiki penşenbe güni gol çekiler” diýip, Tramp Ak Tamda žurnalistlere aýtdy.

Şol gün, Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Kiýewde geçirilen brifingde, ABŞ bilen Ukrainanyň mineral serişdeler boýunça şertnamanyň memorandumyna 17-nji aprelde gol çekiljekdigini aýtdy.

“Memorandum, ýagny şertnamanyň özi däl, häzirki gün onlaýn görnüşde gol çekilip bilner. Biziň tarapymyz ABŞ tarapyna ‘bolýar’ diýdi. Meniň düşünşime görä, wise-premýer ABŞ tarapy bilen tekst boýunça işleýär” diýip, Zelenski ykdysadyýet ministri Ýuliýa Swiridenkony göz öňünde tutup aýtdy.

Tramp şol gün eden çykyşynda, Zelenskiniň Russiýanyň basybalyjylykly çozuşyna jogapkär däldigini hem aýtdy. “Men Zelenskini jogapkär hasaplamaýaryn, ýöne bu urşuň başlanmagy meni begendirmeýär. Men ony günäkärlemeýärin, ýöne onuň ajaýyp iş edendigini aýdyp bilmerin. Men onuň uly muşdagy däl” diýip, Tramp Italiýanyň premýer-ministri Jorjiýa Meloni bilen Ak Tamda geçiren duşuşygynda aýtdy.

Ukraina bilen ABŞ-nyň mineral serişdeler boýunça şertnamanyň fewral aýynyň ahyrynda, Zelenskiniň Waşingtona eden sapary wagtynda gol çekilmegine garaşylýardy. Emma, Zelenski bilen Trampyň Ak Tamda geçiren duşuşygynda ýüze çykan gapma-garşylyk sebäpli, gol çekişlik amala aşmandy.

XS
SM
MD
LG