ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenski bilen Ukrainadaky urşuň soňlanmak mümkinçiligi barada gürleşjekdigini aýtdy.
16-njy dekabrda Florida ştatynda geçirilen metbugat ýygnagynda, 5-nji noýabrda geçirilen saýlawda gazanan ýeňşinden bäri ilkinji gezek, Tramp Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy barada birnäçe gezek durup geçdi.
"Elhenç" diýip atlandyryp, iki tarapda çekilen uly ýitgilere salgylanmak bilen, ol bu urşy mümkin boldugyça çalt duruzmak isleýändigini ýene bir gezek gaýtalady.
Trampyň sözlerine görä, çekilýän ýitgiler akyla sygmaýar we frontdaky ýagdaýlar göz öňüne getirilişinden “has erbet”.
Tramp mundan öň konfliktiň iki tarapynda ýüzlerçe müň adamyň ölendigini we ýaralanandygyny aýtdy. Kiýewdäki häkimiýetler ukrain ýitgileriniň derejesiniň Trampyň aýdýan sanlaryndan pesdigini aýtdylar.
Moskwa iki ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän uruşda Russiýanyň çeken ýitgileri barada resmi maglumat bermeýär.
Şol bir wagtda, ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Ukrainanyň parahatçylyk üçin territorial eglişiklere gelmegini goldaýarsyňyzmy diýen soraga jogap bermekden saklandy.
Emma muňa garamazdan, Tramp Ukrainanyň söweş meýdanyna öwrülen sebitleriniň şeýle bir weýran edilendigini, ol ýerleri abadanlaşdyrmagyň “ýüz ýyl” wagt aljakdygyny aýtdy.