Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen gepleşendigini, 'Öňegidişlik edilýändigini' aýdýar


Krymda prezidentler Tramp, Putin we Si dagy şekillendirilen çeper eserler sergisi açyldy
Krymda prezidentler Tramp, Putin we Si dagy şekillendirilen çeper eserler sergisi açyldy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen gürleşendigini tassyklady we özüniň Ukrainadaky urşy soňlamakda "biz öňegidişlik edýäris" diýip hasaplaýandygyny aýtdy, ýöne gepleşikleriň 20-nji ýanwarda prezidentlige täzeden başlamazyndan öň bolandygyny ýa-da soň bolandygyny anyklaşdyrmakdan saklandy.

“Men muny geçirdim. Geliň diňe meniň muny [Putin bilen söhbetdeşlii] geçirendigimi aýdalyň ...we men ýene-de köp gürleşeris diýip garaşýaryn. Biz bu urşuň soňlanmagyny gazanmaly" diýip, Tramp Howa güýçleriniň birinji uçarynda Täze Orleanda geçiriljek Super Bowl futbol kubogy ýaryşyna, Amerikanyň futbol çempionatynyň oýnyna tomaşa etmäge barýarka žurnalistlere aýtdy.

“Eger biz gürleşýän bolsak, men size ol söhbetdeşlik hakynda aýtmak islämok. Men biziň öňegidişlik edýändigimize ynanýaryn. Biz Ukraina-Russiýa urşuny duruzmak isleýäris" diýip, prezident sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG