Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Garward uniwersitetini salgyt ýeňilliklerinden mahrum etmek bilen haýbat atdy


Garward uniwersiteti
Garward uniwersiteti

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Garward uniwersitetiniň federal salgytlardan boşadylýan ýeňilliklerini ýatyrmak bilen haýbat atdy we uniwersitet ýolbaşçylaryndan öz administrasiýasynyň ýokary okuw jaýynyň içekri syýasatyny we akademiki programmalaryny üýtgetmek talaplaryna boýun bolmadygy üçin ötünç soramalydygyny aýtdy.

Bu barada “Reuters” agentligi habar berýär.

Tramp uniwersiteti “radikal çepçilik ideologiýasyny goldamakda” we “terroristik pikirlenmäni” ýaýratmakda aýyplady. Şeýle-de, ol Garwardyň häzirki döwürde peýdalanýan salgyt ýeňilliklerinden mahrum bolup biljekdigini duýdurdy.

Mundan ozal, Ak Tam Kolumbiýa uniwersitetine niýetlenen 400 million dollarlyk maliýe serişdelerini togtatdy we Garward üçin göz öňünde tutulan 2 milliard dollardan gowrak grantlary we şertnamalary doňdurdy. Bu çäreler 2023-nji ýylda Ysraýyl bilen Gaza sebitinde ýüze çykan wakalardan soň ABŞ-nyň birnäçe uniwersitetlerinde ýüze çykan palestina tarapdar protestlere jogap hökmünde görüldi.

Garward uniwersitetiniň prezidenti Alan Garber administrasiýanyň talaplaryny “täze taryhda deňi-taýy bolmadyk” we “kanuny esaslanmaýan” diýip atlandyrdy. Kolumbiýa uniwersiteti hem hökümetiň bilim we işgär syýasatyna gatyşmagyna ýol bermejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG