ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Ol iki ýarym sagat dowam etdi.
Ak Tam tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, "Prezident Tramp we prezident Putin Ukrainada parahatçylygyň we ýaraşyk şertnamasynyň zerurlygy barada gürleşdiler".
Habar berlişine görä, Russiýanyň prezidenti 30 günüň dowamynda Ukrainanyň energiýa infrastrukturasyna zarba urmakdan saklanjagyny aýtdy. Ukrainanyň muňa jogap hökmünde Russiýanyň energiýa infrastrukturasyna zarba urmagy bes etmegine garaşylýar, emma Kiýew bu barada entek düşündiriş bermedi.
Habar berişlerine görä, Putin Gara deňizde ýük daşamak howpsuzlygy we ol ýerde ok atyşygy bes etmek barada gepleşiklere başlamaga razy bolupdyr.
Şeýle hem Russiýada we ABŞ-da Ukrainadaky ýagdaýy çözmek boýunça “bilermenler toparlarynyň” döredilendigi barada habar berildi. Olara kimiň goşuljakdygy we nähili işleşjekdigi barada anyk maglumat bolmady.
Kremliň beýannamasynda Putiniň parahatçylygyň şerti hökmünde "daşary ýurt harby kömegini we Kiýewe aňtaw maglumatlarynyň berilmegini" bes etmegi talap edipdir.
Tramp we Putin "dünýädäki durnuklylyk üçin umumy jogapkärçiligi göz öňünde tutup ikitaraplaýyn gatnaşyklary kadalaşdyrmagyň" tarapdarydygyny aýdypdyr.
Şeýle hem Putin, 19-njy martda çarşenbe güni Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 175 adama 175 adam şerti esasynda tussaglary çalyşjakdygyny aýtdy.