ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp geçen hepde Owal ofisinde ukarin prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen bolan gyzgyn çekişmeden soň, Birleşen Ştatlaryň Ukraina berýän ähli harby kömegini togtatdy.
"Biz çözgüde goşant goşýandygyna göz ýetirmek üçin kömegimizi duruzýarys we gözden geçirýäris" diýip, Birleşen Ştatlaryň habar beriş serişdeleri Ak tamyň anonimlik şertinde maglumat beren bir resmisine salgylanyp, 3-nji martda habar berdi.
"Prezident özüniň ünsüni parahatçylygy gazanmaga gönükdirýändigini açyk aýtdy. Biziň hyzmatdaşlarymyzyň hem bu maksada ygrarly bolmagy zerur" diýlip, habarda bellenilýär.
"Bu kömegiň hemişelik bes edilmegi däl, bu bir arakesme" diýip, "Fox News" Tramp administrasiýasynyň bir işgäriniň sözlerine salgylanýar.
"Bloomberg" we "Fox News" habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu arakesme, Tramp Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň Russiýa bilen parahatçylyga ygrarlydygyny görkezýändiginden kanagatlanýança dowam eder.
"The New York Times" neşiriniň maglumatyna görä, bu arakesme milliard dollardan gowrak ýaragyň üpjün edilmegini we olary öndürmek üçin sargytlary togtadar.
Şeýle-de bu arakesme, ABŞ-nyň Ukrainany rus çozuşlaryndan goramakda berýän goldawy baradaky eýýäm bar bolan köp sanly soragy has-da güýçlendirýär. Bu waka, köp sanly adam pidalaryna garamazdan, Moskwanyň güýçleriniň birnäçe aý bäri öz pozisiýalaryny berkidýän we Ukrainanyň Ýewropada 1945-nji ýyldan bäri bolýan iň uly uruşda adam güýjüniň ýetmezçiligi we beýleki kynçylyklar bilen göreşýän mahalyna gabat gelýär.