Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa güýçleri gozgalaňçylara garşy hüjüme başlady


Siriýanyň oppozisiýa söweşijileri, prezident Başar al-Asada garşy gozgalaňçylar Halabyň merkezine gelendiklerini aýdanlaryndan soň, Saadallah al-Jabiri meýdançasyna toplandy
Siriýanyň oppozisiýa söweşijileri, prezident Başar al-Asada garşy gozgalaňçylar Halabyň merkezine gelendiklerini aýdanlaryndan soň, Saadallah al-Jabiri meýdançasyna toplandy

Siriýanyň döwlet goşuny ýurduň demirgazyk-günbataryna goşmaça güýç iberip, soňky günlerde ýurduň iň uly şäherini, Halaby (Aleppony) basyp alan gozgalaňçylary yzyna kowmak maksady bilen, 1-nji dekabrda güýçli howa zarbalaryny urmaga başlady.

ABŞ we BMG tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen yslamçy toparyň, Haýat Tahrir al-Şamyň ýolbaşçylygyndaky gozgalaňçylar 27-nji noýabrda, golaýdaky Hama sebitine tarap gitmezlerinden ozal, Halabyň we Idlibiň töweregindäki obalara garşy iki taraplaýyn hüjüme başladylar.

Rus söweş uçarlary, gozgalaňçylara garşy zarba urmak üçin, Siriýanyň döwlet güýçlerine goşuldy.

XS
SM
MD
LG