Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sakarçäge etrabyna ýylyň baýragy - $1 million dollar gowşuryldy


Bezeg suraty
Bezeg suraty

10-njy fewralda Sakarçäge etrabyna ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy diýip, TDH habar berdi.

2024-nji ýylyň görkezijileri boýunça ýurduň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Sakarçägäniň baýrak dabarasy Mary welaýatynyň Döwletli zaman şäherçesinde guraldy.

Türkmen hökümetiniň 7-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde aýdylmagyna görä, Sakarçäge etraby durmuş, ykdysady, medeni taýdan ýokary görkezijileri gazanmagy başardy.

Dabaranyň geçýän ýerinde dikilen ak öýleriň ýanynda türkmen milli tagamlary taýýarlandy, ýörite guralan sergide ýerli senetçileriň, zergärleriň işleri, ekerançylaryň, hususy önüm öndürijileriň öndürýän azyk harytlary görkezildi.

XS
SM
MD
LG