Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Ýokary kazyýeti “Talybanyň” işi boýunça gadaganlygy togtatdy


Russiýanyň baş diplomaty Sergeý Lawrow we "Talybanyň" daşary işler ministri Amir Han Muttaki. Russiýa. Oktýabr, 2024 ý.
Russiýanyň baş diplomaty Sergeý Lawrow we "Talybanyň" daşary işler ministri Amir Han Muttaki. Russiýa. Oktýabr, 2024 ý.

Russiýanyň Ýokary kazyýeti Owganystanda häkimiýet başynda duran radikal yslamçy “Talyban” hereketiniň ýurt içindäki işine girizilen gadaganlygy togtatdy. Bu barada TASS agentligi habar berdi.

Kazyýetiň karary dessine güýji girmeli diýlip görkezilýär. Bu çözgüt bilen birlikde, Russiýanyň häkimiýetleri “Talybany” indi terrorçy gurama hökmünde hasaplamaz.

Kazyýet Baş prokuroryň talaby esasynda şeýle karar çykardy. Bu talap barada ilkinji gezek mart aýynyň ahyrynda habar berlipdi.

“Talybanyň” Russiýada gadagan edilen guramalaryň sanawynda bolmagyna garamazdan, Moskwa ozal hem bu hereket bilen gatnaşyk saklapdy. “Talyban” hökümetiniň wekilleri Russiýa sapar edipdi, prezident Wladimir Putin bu hereketi Moskwanyň terrorçylyga garşy göreşdäki hyzmatdaşlarynyň biri diýip atlandyrypdy.

“Talyban” 2003-nji ýylda Russiýada terrorçy guramalarynyň sanawyna girizilipdi. Şonda bu hereketiň Çeçenistandaky we Merkezi Aziýadaky bikanun ýaragly toparlar bilen arabaglanyşygy we “Yslam döwleti” ýaly radikal guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary bardygy bellenilipdi. Şol döwürde Russiýa ABŞ-a we onuň Owganystandaky “Talybana” garşy alyp barýan operasiýalarynda belli bir goldawlary beripdi.

XS
SM
MD
LG