Russiýanyň atan drony Ukrainanyň Dnipropetrowsk oblastynyň Marhanets şäherinde işçileri alyp barýan bir awtobusa zarba urdy. Hüjümde azyndan dokuz adam öldi, onlarçasy dürli derejede ýaralandy diýip, sebit häkimi Serhiý Lysagyň 23-nji aprelde beren maglumatynda bellenilýär.
“Ýitgileriň sany yzygiderli artýar” diýip, Lysak Telegramda habar berdi.
Russiýanyň hüjümleri Ukrainanyň beýleki sebitlerinde hem raýat infrastruktura desgalaryny nyşana almagyny dowam etdirýär. Poltawa we Odessa şäherlerinde azyndan bäş adamyň ýaralanandygy habar berilýär.
Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň maglumatyna görä, ýaşaýyş jaýlaryna, kärhanalara, ammarlara we garažlara zeper ýetipdir.
Ukrainanyň ikinji iri şäheri Harkowda hem uly ýangynlar döredi diýip, şäher häkimi Ihor Terehow belledi. Adatdan daşary ýagdaýlar gulluklary hüjümleriň “şäheriň diňe raýat infrastrukturasy nyşana alandygyny” aýtdylar.