Russiýanyň harbylary 16-njy aprele geçilýän gije Ukrainanyň Odessa şäherine dronlar bilen hüjüm etdi.
Ukrainanyň Adatdan Daşary ýagdaýlar boýunça döwlet gullugynyň maglumatyna görä, hüjümiň netijesinde ýangynlar ýüze çykdy, üç adam ýaralandy.
Gullugyň Odessa oblastyndaky bölüminiň maglumatyna görä, bir ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan maşgalanyň “iki diwar düzgünine” eýermegi olaryň janyny halas eden bolmagy mümkin, “sebäbi bu jaý uly zyýan çekipdir”.
Mundan bir gün öň, Odessa NATO-nyň baş sekretary Mark Rutte sapar etdip, Ukraina bolan goldawyny mälim edipdi.
16-njy aprelde irden Herson şäherine gönükdirilen artilleriýa hüjüminde bir adam heläk boldy, üç adam bolsa ýaralandy diýip, sebit harby administrasiýasynyň başlygy Aleksandr Prokudin habar berdi.
Herson şäheriniň harby administrasiýasynyň başlygy Roman Mroçko ilata wideo ýüzlenme ýazyp duran pursady, rus hüjümine sezewar boldy. Ol özüne şikes ýetmändigi barada telegram kanalynda mälim etdi.