Russiýanyň 10-njy aprele geçilen gije Ukrainanyň Nikolaýew şäherine dronlar bilen eden hüjümi netijesinde 10 adam ýaralandy. Olaryň ikisi, 29 ýaşly aýal we 59 ýaşly erkek adam, orta agyrlykdaky ýaralary bilen hassahana ýerleşdirildi diýip, sebit administrasiýasynyň başlygy Witaliý Kim habar berdi.
Hüjümiň netijesinde dokuz sany uly gatly ýaşaýyş jaýyna, üç awtoulaga, onlarça garaža we bir administratiw bina zeper ýetdi. Şeýle hem, jaýlaryň birinde ýangyn ýüze çykdy.
Şeýle-de, Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň habaryna görä, dronlaryň Kiýewe eden hüjümi netijesinde iki aýal şikes aldy, ýöne olar hassahana ýerleşdirilmedi. Hüjümlerde hususy jaýlara, hojalyk desgalaryna we awtoulaglara zeper ýetdi.
Jemi hasapda, Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň çägine 145 sany “Şahed” kysymly we beýleki görnüşli imitasiýa pilotsyz enjamlary iberdi. Ukrainanyň Harby howa güýçleri olaryň 85-siniň ýok edilendigini, ýene-de 49-synyň ýerleşýän ýerinden ýitendigini aýtdy.