Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Dnipro eden dron hüjüminde üç adam, şol sanda bir çaga heläk boldy


Russiýanyň Dnipro uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Dnipro uran zarbalarynyň netijeleri

Russiýanyň güýçleri 17-nji aprele geçilýän gije Ukrainanyň Dnipro şäherine köp sanly dronlar bilen hüjüm etdi. Dnipropetrowsk sebit administrasiýasynyň ýolbaşçysy Sergeý Lysakyň maglumatyna görä, hüjümiň netijesinde üç adam, şol sanda bir çaga heläk bolup, 30 adam ýaralandy. Şikeslenenleriň bäşisi çaga. Şolardan 16 adam hassahana ýerleşdirildi, biriniň ýagdaýy agyr.

Lysakyň sözlerine görä, şäherde takmynan on sany köp gatly ýaşaýyş jaýyna we şonça-da hususy jaýa zeper ýetdi. Şeýle hem bir okuw jaýynyň binasy, umumy ýaşaýyş jaýy, gimnaziýa, azyk kärhanasy we beýleki desgalara hem zyýan ýetdi. Şäherde birnäçe ýangyn ýüze çykdy, emma olar soňy bilen söndürildi.

Şeýle-de, 16-njy aprel güni agşam Harkiw oblastynda ýerleşýän Izýum şäheri rus dronlarynyň we raketalarynyň hüjümine sezewar boldy. Häzirki maglumata görä, bu hüjümde alty adam, şol sanda ýedi ýaşly bir çaga ýaralandy. Olaryň ýagdaýy durnukly diýlip habar berildi.

Russiýanyň güýçleri front liniýasynyň töweregindäki şäherleri tas her gije diýen ýaly “Şahed” kysymly dronlar bilen nyşana alýarlar. Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň maglumatyna görä, olaryň aglabasyny entek howada wagty urmak başardýar.

XS
SM
MD
LG