Russiýanyň Ukrainanyň Dnipro şäherine garşy amala aşyran dron hüjümleri netijesinde 15 adam ýaralanyp, olaryň 8-si hassahana ýerleşdirildi. Bu barada Dnepropetrowsk sebitiniň ýolbaşçysy Dmitro Lýsak mälim etdi, we şäherde köp gatly we hususy jaýlara hem zeper ýetendigini aýtdy.
Harkiw we Kramatorsk şäherlerine hem hüjüm edildi.
Harkiwde iki adam ýaralandy. Esasy zarba şäheriň Osnowýanskiý etrabyna düşdi, birnäçe raýat binalarynda ýangyn ýüze çykdy. Şäheriň senagat etrabynda bir ammarda ýangyn döredi, Kiýew etrabynda bolsa ýaşaýyş jaýlaryna zeper ýetdi.
Kramatorsk şäherinde 11 ýaşly gyz, onuň ejesi we enesi ýaralandy.
9-njy aprele geçilýän gije Russiýanyň 11 sebiti dron hüjümlerine sezewar boldy. Russiýanyň Goranmak ministrligi 158 dronyň ýok edilendigini habar berdi; olaryň 67-si Krasnodar, 29-sy Rostow sebitlerinde we 15-si Demirgazyk Osetiýada urlupdyr. Woronež, Kursk we beýleki sebitler hem hüjüme sezewar boldy. Şikes alanlar barada maglumat berilmedi.
Wladiwkaz, Wolgograd we Groznyý howa menzillerinde uçuşlara çäklendirmeler girizildi.