Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň aýal dogany Atabaýewa “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi


Oguljahan Atabaýewa resmi metbugatda has köp peýda bolup başlady. (arhiw)
Oguljahan Atabaýewa resmi metbugatda has köp peýda bolup başlady. (arhiw)

Türkmenistanyň syýasy sahnasynda barha işjeňleşip başlan Oguljahan Atabaýewa, ýagny Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy we prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýal dogany “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi.

Resmi maglumata görä, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Atabaýewa, 19-njy aprlede Türkmenistana sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň soraglaryna jogap beripdir.

Söhbetdeşligiň mazmuny aýan edilmeýär we onuň ýakyn günlerde çap ediljekdigi aýdylýar.

Metbugat azatlygyny we söz erkinligini berk çäklendirýän Tükmenistanda Berdimuhamedowlar maşgalasynyň şahsyýet kulty yzygiderli ösdürilýär.

XS
SM
MD
LG