17-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde Ukraina bilen ABŞ-nyň wekiliýetleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň bes edilmegi bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşyldy.
Beýleki ýagdaýlar bilen bir hatarda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň toparynyň urşy bes etmek ugrunda işleşmäge taýýardygyny mälim edildi. Bu barada RBK-Ukraina neşiri gepleşiklere gatnaşan ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio we Trampyň Ukraina meseleleri boýunça wekili Kit Kelloga salgylanyp habar berdi.
Kellog duşuşyklary “Ukraina-Russiýa urşuny bes etmek boýunça örän netijeli” diýip häsiýetlendirdi.
Pariždäki gepleşiklere amerikan tarapdan Rubio, Kellog bilen birlikde, Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoff hem gatnaşdy. Ukrainanyň wekiliýetine bolsa goranmak ministri Rustem Umerow we prezident diwanynyň başlygy Andriý Ýermak ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşiklerde Fransiýanyň, Britaniýanyň we Germaniýanyň hem ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy.
Andriý Ýermagyň aýtmagyna görä, Parižde başlan gepleşikler Ukrainada durnukly parahatçylygyň gazanylmagy ugrunda täze formatda geçirilýär. Onuň bellemegine görä, bu adaty Ukraina-ABŞ gepleşigi däl-de, “meýilli ýurtlaryň koalisiýasynyň wekilleriniň hem-de amerikan hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda” geçen aýratyn görnüşli bir duşuşyk bolupdyr. Ýermak bu täze formatyň “örän netijeli boljakdygyna” ynanýandygyny aýtdy.