28-nji aprelde Pakistanyň goranmak ministri Hawaja Muhammet Asif goňşy Hindistan tarapyndan harby çozuşyň gutulgysyzdygyny aýtdy. Kaşmirde 26 syýahatçynyň öldürilmeginden soň, ýadro ýaragyna eýe bolan bu iki ýurduň arasyndaky dartgynlyk has-da ýokarlandy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.
Esasan hindileriň ýaşaýan ýurdy Hindistan, musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan Pakistany Kaşmir regionynda terrorçylygy goldamakda aýyplaýar. Hindistanyň hökümeti syýahatçylara hüjüm edenleriň arasynda Pakistanyň iki raýatynyň bardygyny öňe sürdi. Resmi Yslamabat bolsa bu aýyplamalary düýbünden ret edip, garaşsyz derňewiň geçirilmegini talap edýär.
Ministr Asifiň aýtmagyna görä, Pakistan dost ýurtlardan, şol sanda Pars aýlagy döwletlerinden we Hytaýdan goldaw sorap ýüz tutdy hem-de ýagdaý bilen baglanyşykly ABŞ-a we Britaniýa ýaly döwletlere habar berdi. Ol käbir Pars aýlagy ýurtlarynyň Yslamabat bilen Nýu-Deliniň arasynda araçy bolmaga çalyşandygyny belledi.
Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi Kaşmirdäki hüjümi gurnanlary tapyp, jezalandyrjakdygyny aýtdy. Pakistan hem öz tarapyndan ýaragly güýçlerini ýokary derejeli söweş taýýarlygyna geçirdi.