Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan we Pakistan urşuň bosagasynda. Näme üçin?


Aklawçylar 28-nji aprelde Pakistanyň Multan şäherinde Hindistana garşy geçirilen demonstrasiýada Hindistanyň milli baýdagyny we premýer-ministr Narendra Modiniň suratyny oda berdiler.
Aklawçylar 28-nji aprelde Pakistanyň Multan şäherinde Hindistana garşy geçirilen demonstrasiýada Hindistanyň milli baýdagyny we premýer-ministr Narendra Modiniň suratyny oda berdiler.

Ýadro ýaragly iki garşydaşy alyp göreli. Muňa ýurtlaryň uruş taryhyny we onlarça ýyllap gozgalaňyň mekany bolan jedelli sebiti goşup göreli. Indi muňa dartgynlygy güýçlendirmek howpyny döreden parahat ilata garşy edilen heläkçilikli söweş hüjümi hem goşulýar.

Bu, 22-nji aprelde Jammu we Kaşmirde esasan hindi raýatlarynyň ölümine getiren hüjümden soň Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky ýagdaýy suratlandyrýar. Şol hüjüm iki ýurduň arasyndaky dartgynlylygyň artmagyna sebäp boldy. Hindistan Pakistany serhetaşa terrorçylygy goldamakda aýyplaýar, emma Pakistanyň hökümeti 26 sany parahat ýaşaýjynyň ölümine sebäp bolan hüjümiň arkasynda durandygyny inkär edýär.

Şondan soň Nýu-Deli we Yslamabat bir-birine garşy birnäçe çäre girizdi - diplomatik we söwda gatnaşyklaryny peseltmek, esasy serhet geçelgesini ýapmak we iki ýurduň raýatlary üçin wizalary ýatyrmak ýaly ädimleri ätdi.

Hindi esgerleri Pahalgamda 26 parahat ýaşaýjynyň ölümine sebäp bolan hüjümden bir gün soň geçirilen gözleg operasiýasyndan yza gaýdýarlar.
Hindi esgerleri Pahalgamda 26 parahat ýaşaýjynyň ölümine sebäp bolan hüjümden bir gün soň geçirilen gözleg operasiýasyndan yza gaýdýarlar.

Soňra Pakistan hökümeti, eger-de Hindistan ölümli waka bilen bagly jeza hökmünde möhüm derýalaryň akymynyň öňüni almak howpuny döretse, muny "söweş hereketi" diýip hasaplajakdygyny aýtdy.

26-njy aprelde Pakistan gyrgynçylyk barada "bitarap" derňew geçirmäge çagyrdy we islendik derňew bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny we "parahatçylyga ygrarlydygyny" aýtdy.

25-nji aprelde hindi we pakistan güýçleri jedelli Kaşmirde iki ýurdy bölýän Dolandyryş liniýasynda ok atyşdylar. Ýurtlaryň ikisi-de bu sebiti özüniňki hasaplaýarlar we bu region Nýu-Deli bilen Yslamabadyň biri-birine garşy alyp baran üç uruşynyň ikisine sebäp bolupdy.

Dartgynlylygyň möwjemegine getiren hüjüm Hindistan bilen Pakistanyň ýene-de konfliktiň bosagasynda durmagy bilen bagly aladalanmalary artdyrdy.

Şu ýerde bilinmeli zat, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar soňky ýyllarda iň pes derejä düşdi.

Pahalgamdaky hüjümde näme boldy?

22-nji aprelde ýaragly adamlar çärýek asyr bäri musulmanlaryň köplük bolup ýaşaýan Kaşmirde asuda ilata aýylganç hüjüm etdiler.

Nýu-Deli Gimalaý daglarynyň arasyndaky ajaýyp Pahalgam şäheriniň golaýynda bolan hüjüm bilen Pakistany baglanyşdyrdy, ýöne hiç hili subutnama bermedi. Ondan soň Pakistana garşy jeza çäreleri görüldi, Yslamabat şol çärelere jogap berdi.

Özüni Garşylyk fronty diýip atlandyrýan näbelli bir topar hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Hindi resmileri munuň Pakistanda ýerleşýän “Laşkar-e-Taiba” toparynyň wekilidigini aýdýarlar.

Yslamabat, Hindistany subutnama bermezlikde aýyplap, gatnaşygyny ret etdi.

Hüjüme gatnaşan üç näbelli adamy - bir hindi raýatyny we iki pakistanlyny gözlemek boýunça iş alnyp barylýar we hindi goşuny Kaşmir jülgesinde olary tapmak üçin "gözleg we ýok ediş" operasiýalaryna başlandygyny aýdýar.

Hüjüm ýurtlaryň dartgynlylygyny nädip güýçlendirýär?

1947-nji ýylda Britaniýanyň subkontinenti bölmeginden soň başlanan uruşdan bäri Hindistan we Pakistan Kaşmir sebitine dalaş edýärler. Serhet çaknyşyklary Günorta Aziýada uzak wagt bäri durnuksyzlygy döredýär.

Iki garşydaş üç sany urşy alpy bardylar. Onlarça ýyl bäri Kaşmirde ýaragly gozgalaňçylar hindi dolandyryşyna garşy çykýarlar we köp kaşmirli musulman sebitiň Pakistanyň dolandyryşy astynda ýa-da garaşsyz ýurt hökmünde bolmagyny goldaýar.

Hindistan Pakistany onlarça ýyl bäri zorlugy ýaýratmakda aýyplaýar, Yslamabat bu aýyplamany ret edýär. Birnäçe ýylda bu konfliktde on müňlerçe raýat, gozgalaňçy we hökümet güýçleri öldürildi.

Kaşmiriň hindi böleginde söweşijileriň iň soňky hüjümi 2019-njy ýylda bolupdy, şonda onlarça hindi howpsuzlyk wekili öldürilipdi. Şol hüjümden soň Hindistan howa söweşini başlady we giň derejeli urşuň bosagasynda saklandy.

Pahalgam hüjüminden soň, premýer-ministr Narendra Modiniň hökümetiniň pozisiýasyna gabat gelýän hindi metbugatyndaky teswirler we ýurduň syýasy ýolbaşçylarynyň arasyndaky çykyşlar Pakistana harby zarba urmaga gönükdirildi.

"Biz diňe bu wakany amala aşyranlara ýüzlenmeris. Sahnanyň aňyrsynda oturanlaryň, Hindistanyň topragynda şeýle nejis hereketleri amala aşyranlara gönükdireris" - diýip, Hindistanyň goranmak ministri Rajnath Singh 23-nji aprelde aýtdy.

Hindistan 24-nji aprelde uly göwrümli howa we deňiz türgenleşiklerine başlady. Analitikleriň pikiriçe, bu uruşa taýýarlyk bolup biler.

"Modiniň öňünde garaşylmadyk meseleleriň ençemesi bar, şol sanda ol Pakistan goşunynyň uly mümkinçilikleri bilen iş salyşmaly bolar" - diýip, hindistanly syýasy bilermen C. Raja Mohan Indian Express neşirinde ýazdy.

Yslamabatdaky Kuaid-e Azam uniwersitetiniň syýasy alymy Himaýat Ullah Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Nýu-Deliniň we Yslamabadyň mundan beýläk-de möwjemegiň töwekgelçiligini bilýändigine ynanýandygyny aýtdy. Bilermen ýurtlaryň "doly söweşden" gaça durjakdygyna umyt bildirdi, ýöne "halkyna görkezmek üçin Hindistanyň we Modiniň hökümetiniň käbir çäklendirilen çäreleri görüp biljekdigini" belledi.

Indi näme bolar?

Hökümetler we analitikler ýadro ýaragly goňşularyň arasynda garaşylmadyk ýagdaýa ýakyndan syn edýärler.

Kaşmirde iki ýurduň harbylarynyň ýaragly çaknyşygynyň yzýany Birleşen Milletler Guramasy ýurduň arasynda "ýokary derejede saklanmaga" çagyrdy.

"Biz iki hökümete-de ... iň ýokary derejede saklanmagy we ýagdaýyň hem gören wakalarymyzyň mundan beýläk ýaramazlaşmazlygyny üpjün etmek üçin ýüz tutýarys" - diýip, BMG-nyň metbugat sekretary Stefan Dujarriç 24-nji aprelde aýtdy.

Diplomatik ugurda Hindistanyň Daşary işler ministri Wikram Misri 25 ýurduň, şol sanda Uly-20 guramasyndaky esasy hyzmatdaşlary Aýlag ýurtlarynyň we Pakistanyň ýakyn hyzmatdaşy we soňky ýyllarda Nýu-Deli bilen gatnaşyklaryny dartgynlaşdyran Hytaýyň wekillerine maglumat berdi.

Giňişleýin habar beriş, şeýle hem Pekiniň goşulyşmagy, jogap berişine baha bermek bilen Hindistan tarapynda global ylalaşygy döretmek üçin bir ädim hökmünde görülýär.

Ýene bir faktor, Hindistan bilen Päkistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar hüjümden soňky çärelerden öňem gowşakdy. Pakistan Hindistanyň ilçisini ýurtdan çykardy we Hindistan 2019-njy ýylda Kaşmiriň ýarym awtonom statusyny ýatyraly bäri öz ilçisini Nýu Delide ýerleşdirmedi.

Yslamabat uniwersitetiniň professory Halid Soltan Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda konfliktiň güýçlenmek töwekgelçiliginiň hakykydygyny we dartgynly ýagdaýyň duýdansyz döräp biljekdigini belledi.

Forum

XS
SM
MD
LG