Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda Türkmenistandan 'bikanun geçirilen' dizel ýangyjy saklandy


Serhet geçelgesi
Serhet geçelgesi

Buhara sebitindäki “Olot” barlag nokadynda Özbegistana başga bir haryt görnüşinde geçiriljek bolan 115 tonna dizel ýangyjy saklandy diýip, Daryo.uz neşiri öz çeşmesine salgylanyp habar berýär.

Ýüküň bahasy 1,3 milliard som (Özbegistanyň Merkezi bankynyň 10-njy fewraldaky walýuta nyrhyna görä 100,000 amerikan dollaryndan gowrak) diýlip hasaplanylýar.

Düzgüniň bozulandygy döwlet gümrük gullugynyň geçiren barlagy wagtynda ýüze çykaryldy.

Laboratoriýa barlaglary resminamalarda ýangyjyň düzümi barada galp maglumatlaryň berlendigini tassyklady. Netijede, bikanun ýükler saklandy we düzgün bozujylar barada degişli resminamalar taýýarlandy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG