Sergidäki suratlar 2023-nji ýylyň dowamyndaky käbir uly pursatlary görkezýär.
2023-nji ýylyň jemleri: Esasy wakalar suratlarda

33
Adamlar 2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Bolgariýanyň Gara deňziniň kenaryndaky Tsarewonyň golaýyndaky Arapia düşelgesinde deňizde gark bolan ulagy çykarmaga synanyşýar. Polisiýanyň 6-njy sentýabrda aýtmagyna görä, deňiz ýakasynda bolan güýçli ýagyş suw joşmagyna sebäp boldy, köprülere zeper ýetirdi we 100-den gowrak deňiz kenarynda dynç alýanlaryň we ýerli ýaşaýjylaryň howpsuz ýerlere ewakuasiýa edilmegine sebäp boldy. (AFP/Nikolaý Doýçinow)

34
Daglyk-Garabag sebitinden gelen bosgunlar 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Ermenistanyň serhet ýakasyndaky Kornidzor obasyna ulagly barýar. (REUTERS / Irakli Gedenidze)

35
Germaniýanyň kansleri Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ýolbaşçylary bilen Berlinde sentýabr aýynda geçiren duşuşygyndan öň bir adam “Rahmon Stop" atly şygary göterip, Täjigistan Respublikasynyň prezidenti Emomali Rahmona protest bildirýär. Germaniýa, 29-njy sentýabr, 2023. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň prezidentleri Germaniýanyň kansleriniň çakylygy boýunça Berline bardylar. (EPA-EFE / Filip Singer)

36
Magdançylaryň garyndaşlary 2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Karaganda şäheriniň käninde bolan ýangyndan soň halas ediş işleri wagtynda "Kostyenko ArcelorMittal" kömür käniniň binasynda oturanlarynda jübi telefonlaryny barlaýarlar. Gazagystan 2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda 32 adamyň ölendigini aýtdy. “ArcelorMittal” käninde bolup geçen ýangynda onlarça adam dereksiz ýitdi. Soňky ýyllarda bolup geçen iň erbet betbagtçylyk kompaniýanyň ýerli şahamçasynyň millileşdirilmegine sebäp boldy. (AFP)
Forum