Sergidäki suratlar 2023-nji ýylyň dowamyndaky käbir uly pursatlary görkezýär.
2023-nji ýylyň jemleri: Esasy wakalar suratlarda

37
Owgan bosgunlary Pakistandan ýük ulagly Owganystan-Pakistan Torkham serhedine gelýär. Nangarhar welaýaty, 2023-nji ýylyň 30-njy oktýabry. Yslamabat 1,7 million owgan raýatynyň bikanun ýaşaýandygyny aýdyp, olaryň 1-nji noýabra çenli ýurtdan çykmagyny buýurdy, bolmasa olaryň deportasiýa ediljekdigini duýdurdy.(AFP/Wakil KOHSAR)

38
Palestinalylar 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Gazanyň demirgazygyndaky Jabaliýa bosgun düşelgesindäki öýlere Ysraýyl tarapyndan edilen hüjüm ýerinde pidalary gözleýärler. (REUTERS / Anas al-Shareef)

39
Alnyp gaçylan gyzyň suraty Gaza zolagyndan Hamas palestinaly söweşiji toparynyň eden ýaragly ganly hüjüminden soň ok yzlary galan howpsuzlyk otagynyň gapysyna berkidildi. Ysraýylyň günortasyndaky Kibbutz Nir Oz, 2023-nji ýylyň 21-nji noýabry (REUTERS / Ronen Zwulun)

40
Geçen ýyl Ukrainanyň merkezi Winnitsiýa şäherine Russiýanyň raketa zarbasynda ýaralanan 8 ýaşly Roman, bir ýyllap bedeniniň derisini bejermek üçin edilen 30-dan gowrak operasiýadan soň, ýanan ýüzüni maska bilen örtüp, tans ýaryşynda çykyş edýär. 2023-nji ýylyň 2-nji dekabry. (REUTERS / Roman Baluk)
Forum